SPORT

Türkmenistan GDA-nyň oýunlarynda 2-nji medalyny gazandy

Agyr atletika boýunça ýygyndy toparymyzyň agzalary GDA ýurtlarynyň II oýunlarynda ýene bir medala eýe boldular. Bu gezek 55 kilograma çenli agram derejesindäki oglanlaryň ýaryşynda bäsleşen Ali Babamuradow tapawutlandy.

Iki görnüşiň jemi boýunça 215 kilogram (95+120) agyrlygy götermegiň hötdesinden gelen türgen ýaryşyň kümüş medalyna mynasyp boldy.

Şu agram derejesindäki ýaryşda 240 kilogram (110+130) netije görkezen özbek türgeni ýeňiş gazandy. Bürünç medala bolsa 194 kilogram (88+106) agyrlygy galdyran belarusly agyr atletikaçy Grigoriý Wertinskiý eýe çykdy.

Munuň özi türkmen türgenleriniň GDA ýurtlarynyň II oýunlaryndaky ikinji medalydyr. Ýygyndy toparymyzyň Oýunlardaky birinji medalyny Ýulduz Jumabaýewa 49 kg-e çenli agramda geçen agyr atletika ýaryşynda gazandy.

Ýene-de okaň

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler