SIZDEN GELENLER

Türkmenistan – gadymy medeniýetiň ojagy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda müňýyllyklara uzap gidýän milli gymmatlyklarymyzy, taryhy ýadygärliklerimizi düýpli öwrenmäge we olary geljekki nesillere ýetirmäge döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Taryhy maglumatlarda Änew medeniýetiniň müňýyllyklary öz içine alýandygy görkezilýär. Bu medeniýet öz ösüşinde birnäçe döwürleri başdan geçirip, halkymyzyň geçmiş taryhyny öwrenmäge mümkinçilik berýär. Şunda halkymyzyň aň-paýhasy bilen döreden taryhy we maddy gymmatlyklary, ýaşaýyş-durmuşy öz beýanyny tapýar. Bu medeniýetiň taryhy dürli döwürlerde alymlar tarapyndan öwrenilip, ekerançylygyň we maldarçylygyň şol döwrüň ýaşaýşynda esasy orun alandygy görkezilýär. Halkyň gündelik durmuşynda ulanýan dürli görnüşdäki gap-gaçlarynyň, zähmet gurallarynyň kämilleşdirilendigi, olaryň üstüniň küýzegärçilik sungaty bilen baýlaşdyrylandygy taryhy maglumatlarda beýan edilýär.

Ata-babalarymyzdan miras galan taryhy-medeni gymmatlyklarymyzy goramak, olary ylmy esasda öwrenmek we rejeläp, nesiller üçin asyl durkunda saklamak döwlet ähmiýetli işleriň hatarynda durýar. Köne Nusaý, Gadymy Köneürgenç, Gadymy Merw ýadygärlikler toplumlarynyň özboluşly, gaýtalanmajak medeni merkezler hökmünde dünýä derejesinde ykrar edilip, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi buýsançly başymyzy göge ýetirýär. Halkymyzyň şöhratly geçmişiniň şaýady bolan şeýle ýadygärlikler ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde-de uly ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 8-nji aprelindäki Karary bilen tassyklanan «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan deslapky meýilnamalar işlenip düzülýär. Şonuň esasynda-da, Diýarymyzdaky taryhy, arheologik, binagärlik ýadygärliklerinde ylmy-öwreniş, rejeleýiş-berkidiş işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar.

Milli müdirligiň düzümindäki taryhy-medeni goraghanalarda bu wajyp işler tejribeli we ýokary hünärli bilermenleriň gatnaşmagynda amala aşyrylýar. 2023-nji ýylyň dowamynda gadymy Änew şäheriniň gala merkezindäki sardobada, Paryzdepe ýadygärliginde, Gökdepe galasynyň diwarynda, orta asyr Abiwerd-Peştag şäherinde, Abu Seýit Mäne baba binagärlik ýadygärliginde, şol ýadygärligiň golaýyndaky Hanaka metjidiniň galyndylarynda, köne Sarahs şäherinde ylmy-gözleg, berkidiş we rejeleýiş işleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Bu işleriň Mary welaýatyndaky meşhur Daňdanakan galasynda, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Ak gala kerwensaraýynda, Lebap welaýatyndaky Amul şäherinde, Daýahatyn kerwensaraýynda, Köneürgenjiň, Balkan welaýatyndaky birnäçe binagärlik ýadygärliklerinde-de işjeň ýagdaýda alnyp barylýandygyny nygtamak zerur.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda kitaba uly hormat goýýan halkymyzyň eline gowşan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitaby hem taryhy gadymy, şöhraty müdimi Änew şäherine bagyşlanylan ajaýyp eserdir. Bu kitap ýaşlarda şöhratly taryhymyza buýsanç döredip, watansöýüjilik ýaly asylly häsiýetleri terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir.

Adamzadyň gadymy medeni-taryhy ähmiýetli merkezleriniň biri bolan Änew şäherinde ýerleşýän Seýit Jemaleddin ýadygärlikler toplumy dünýäniň täsin binagärlik-arheologik mirasy hasaplanýar. Bu ýadygärlik orta asyr binagärlik desgalarynyň hatarynda mynasyp orun eýeleýär. Seýit Jemaleddin taryhy ýadygärlikler toplumy XV asyrda bina edilip, gurluşy boýunça ajaýyp binagärlik sazlaşygyny emele getiripdir.

Türkmen halky irki döwürlerden bäri dünýä medeniýetiniň, adamzat ýaşaýşynyň ösmegine mynasyp goşant goşup gelipdir. Muňa şöhratly taryhymyzyň dowamynda parasatly pederlerimiziň guran beýik şäherleri, gadymy ýadygärlikleri hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesiniň çägindäki taryhy ojaklar bilen birlikde Amul galasynyň hem ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilmegi mynasybetli üstümizdäki ýylyň aprelinde welaýat merkezimizde halkara ylmy-amaly maslahatyň we onuň çäginde medeni çäreleriň geçirilmegi-de bu taryhy ojagyň döreýşini, onuň gymmatlyklaryny öwrenmek we dünýä giňişligine giňden ýaýmak ugrundaky ýene-de bir möhüm ädim boldy.

Türkmen topragynda saklanyp galan arheologiýa we binagärlik ýadygärlikleriniň döwürdeşlerimize we nesillerimize şöhratly taryhymyz barada gürrüň bermekde ähmiýeti uludyr. Şol ýadygärlikleriň köpüsi gadymy söwda ýollarynyň ugrunda gaýnap joşan durmuşyň şaýady bolupdyr.

Hakykatdan hem, çäk taýdan amatly ýerleşýän türkmen topragy Gündogar bilen Günbatar dünýäsiniň arasynda esasy köprä öwrüldi. Biziň çägimizden Aziýa we Ýewropa medeniýetleriniň arasynda möhüm aragatnaşyk ulgamlary geçipdir. Olaryň ählisi onlarça taryhy şäherler, ýüzlerçe desgalar we müňlerçe gymmatlyklar görnüşinde öçmejek yz galdyrypdyr.

Mundan ozal, ýurdumyzyň taryhçy arheologlary Ahal welaýatyndaky Abiwerd, Paryzdepe, Şährihaýbar, Şähristan ýadygärliklerinde, Balkan welaýatyndaky Dehistan ýadygärliginde, Daşoguz welaýatyndaky Köneürgenç kerwensaraýynda, Lebap welaýatyndaky Amul galasynda hem-de Daýahatyn kerwensaraýynda, Mary welaýatyndaky Daşrabat (Daňdanakan) ýadygärliginde hem-de Uly Gyzgala ýadygärliklerinde ylmy barlaglary amala aşyrdylar. Bu taryhy mekanlardaky açyşlar ýurdumyzyň taryhynyň hem-de halkymyzyň medeniýetiniň baýlygyny tutuş dünýä jemgyýetçiligine açyp görkezmekde mynasyp ýol-ýörelge boldy.

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen şäherlerde, galalarda myhmanhanalaryň, kerwensaraýlaryň, kitaphanalaryň, metjit-medreseleriň, bazarlaryň salynmagy dünýä ýurtlary bilen türkmen halkynyň ykdysady, medeni, ylmy, edebi gatnaşyklary giňeltmegine mümkinçilikleri artdyrypdyr. Şunda bolsa Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti uludyr. Bu gatnaşyklar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dost-doganlyk ýörelgesine öwrülip, gerimini barha giňeldýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň taryhyny, maddy-ruhy gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýýan, halkymyz üçin köp işleri bitirip, atlary taryha giren şahsyýetlerimizi hatyralap, tirseklerine galdyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp mertebe alkyş aýdýarys!

Akmyrat Nurgeldiýew, 

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň taryh mugallymy.

Ýene-de okaň

Arkadagyň şäheriniň täze baýraklary

Beýik döwrümiziň bagtyýar ýaşlary

Kämil tehnologiýalar – kämil durmuş

Sanly mümkinçilikler — täze wezipeler

Ata Watan Eserleri

Maglumat howpsuzlygy – döwrüň wezipesi

Ata Watan Eserleri

Bilimler güni – bagtýarlygyň açary