BIZNES

Türkmenistan “Fitch Ratings” halkara agentligi bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirer

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow  Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň “Fitch Ratings” halkara agentligi bilen hyzmatdaşlygynyň dowam etdirilmegine gönükdirilen degişli ylalaşygy baglaşmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, karz derejesini kesgitleýän abraýly agentlikler bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak daşary ýurtlarda çekilýän maýa goýumlarynyň möçberleriniň artdyrylmagyna, karz beriş şertleriniň ýönekeýleşdirilmegine hem-de tutuşlygyna Türkmenistanyň daşary ykdysady işiniň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň halkara agenlikleri bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmelidigini belledi hem-de “Fitch Ratings” agentligi tarapyndan Türkmenistana berlen halkara derejeleriniň ýurdumyzyň halkara maliýe abraýyny has-da ýokarlandyrýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz şundan ugur alyp, halkara agentlikleri bilen zerur işleri yzygiderli alyp barmak babatynda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder