SIZDEN GELENLER

Türkmenistan Dohadaky halkara sergä gatnaşýar

Bitarap Türkmenistan giň gerimli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýär. Ýurdumyzyň bütindünýä we ýöriteleşdirilen halkara sergilere işjeň gatnaşmagy hem dürli ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär.

Katar döwletiniň paýtagty Doha şäherinde Halkara sergiler býurosynyň goldaw bermeginde guralýan «EKSPO — 2023 Doha» halkara bagbançylyk sergisiniň çäklerinde 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň milli gününiň dabaraly ýagdaýda geçirilmegi hem ýurdumyzda daşky gurşawy goramak ugrunda amala aşyrylýan tagallalary Ýer ýüzüne äşgär etdi. Şeýle ajaýyp baýramçylygyň şaýady bolmak bagt bolsa, dostlukly ýurtda gören-eşidenleriňi hem-de halkara sergi baradaky bilýänleriňi okyjylar bilen paýlaşmak iki esse ýakymlydyr.

Ýakynda Kataryň paýtagty Doha şäherinde işe başlan «EKSPO — 2023 Doha» halkara bagbançylyk sergisi hem ekologiýa abadançylygy bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirmäge we tejribe alyşmaga özboluşly çagyryşdyr. 9-njy oktýabrda halkara serginiň çäklerinde Türkmenistanyň milli gününiň aýdym-sazly dabaralara beslenip geçirilmegi ýurdumyzda daşky gurşawy goramak ugrunda amala aşyrylýan işleri Ýer ýüzüne äşgär etdi.

«Daşky gurşawyň hatyrasyna ýaşyl tebigat» şygary astynda guralýan halkara bagbançylyk sergisi Ýakyn Gündogar sebitinde we gurak klimatly ýurtda geçirilen şeýle çäreleriň ilkinjisidir. Oňa 80-den gowrak ýurda wekilçilik edýän köpsanly guramalardyr kompaniýalar gatnaşýar. Serginiň çäklerinde çölleşmä garşy göreşmek we durnukly oba hojalygyny ösdürmek bilen baglanyşykly innowasion çözgütler görkezilýär. Doha şäheriniň «Al-Bidda» seýilgähiniň çäginde halkara sergi üçin niýetlenen 170 gektara barabar meýdan üç bölege bölünýär. Şolaryň birinjisi dürli ýurtlaryň pawilýonlaryny we baglaryny öz içine alýan Halkara zolakdyr. Maşgala zolagynda myhmanlara işjeň dynç alyş üçin giň mümkinçilikler döredilen bolsa, Medeni zolakda baýramçylyk çäreleri geçirilýär.

«EKSPO — 2023 Doha» halkara bagbançylyk sergisiniň çäklerinde «Häzirki zaman oba hojalygy», «Tehnologiýalar we innowasiýalar», «Ekologik habarlylyk» we «Durnukly ösüş» diýen mowzuklar boýunça maslahatlar geçirilip, olaryň maksady çärä gatnaşyjylaryň durnukly ösüş bilen baglanyşykly düşünjelerini artdyrmakdan hem-de howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge çagyrmakdan ybaratdyr.

Halkara bagbançylyk sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonynyň öňünde ýerleşdirilip, türkmen we iňlis dillerinde gök reňkli yşyklar bilen bezelen «Suw damjasy — altyn dänesi» diýen ýazgynyň bolmagy onuň esasy mowzugyny şöhlelendirýär. Baý ruhy mirasymyzyň öwüşginlerini häzirki zaman bezegleri bilen utgaşdyrýan milli pawilýonymyzda, esasan, gurak zolaklarda suw bilen üpjünçilik meselesine üns çekilýär hem-de ýurdumyzyň tebigaty goramak babatdaky tagallalary görkezilýär. Şeýle hem Türkmenistanda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigy goraghanalary gorap saklamak boýunça amala aşyrylýan işler, tebigy we medeni syýahatçylyk zolaklar barada maglumat berilýär.

«Durnukly ösüş» mowzugy esasynda taýýarlanan milli pawilýonymyzyň landşafty daşky gurşawy, tebigy biodürlüligi gorap saklamak, suw serişdelerini tygşytlamak we tebigy şertlerde arassalamak ýaly iş ýüzündäki tejribelere esaslanyp, ýurdumyzda ösýän agaçlardyr ösümlikler bilen bezelendir.

Röwşen Aşyrnazarow,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri