SIZDEN GELENLER

Türk­me­nis­tan BMG bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ber­kid­ýär

Şu gün Türkmenistan bilen Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­synyň arasyndaky hyzmatdaşlykda taryhy gün. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan döwletimiz bu abraýly halkara guramanyň doly hukukly agzasy boldy.

Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len köp­ta­rap­ly hyz­mat­daş­lyk hormatly Prezidentimiziň alyp bar­ýan Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň stra­te­gik ug­ru­dyr. BMG bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ra mah­sus bo­lan ösüş dep­gin­le­ri, il­kin­ji no­bat­da, dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň iş­le­ri­ne Türk­me­nis­ta­nyň iş­jeň gat­naş­mak ýö­rel­ge­le­ri bi­len bag­ly­dyr. Bu ýö­rel­ge­ler BMG ta­ra­pyn­dan giň gol­da­wa we yk­rar­na­ma eýe bol­dy. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji, 71-nji we 75-nji mej­lis­le­ri­niň wi­se-baş­lyk­ly­gy­na saý­la­nyl­ma­gy hem aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.

BMG-niň de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk dü­zü­mi bo­lan Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň se­bit mer­ke­zi­ni gur­mak baş­lan­gy­jy Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentine de­giş­li bo­lup, dün­ýä­niň stra­te­gik taý­dan mö­hüm se­bit­le­ri­niň bi­rin­de öza­ra gat­na­şyk­la­ryň düý­bün­den tä­ze nus­ga­sy­ny dö­ret­mek işi­niň ba­şy­ny baş­la­dy. Bu pi­ki­riň ama­la aşy­ryl­ma­gy BMG-niň we se­bit bi­le­le­şi­gi­niň, oza­ly bi­len Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň şeý­le Mer­ke­ziň ze­rur­dy­gy­na we mak­sa­da la­ýyk bol­jak­dy­gy­na dü­şün­me­gi bi­len ber­ki­dil­di.

Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda parahatçylyk söýüjilik, “Açyk gapylar” we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak bilen, saýlap alan ugruna üýtgewsiz eýerýär. Şunda BMG bilen köpugurly, netijeli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şol gatnaşyklar soňky ýyllarda täze mazmuna eýe boldy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Bitarap Türkmenistan BMG-niň ygtybarly hem-de jogapkärli hyzmatdaşy hökmünde netijeli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagy we giňeltmegi ugur edinýär. Üstünlikli durmuşa geçirilýän bilelikdäki maksatnamalar, meýilnamalar hem-de milli we umumy bähbitlere kybap gelýän ugurdaş taslamalar şol köpugurly hyzmatdaşlygyň netijesidir.

Biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň abraýly edaralarynyň düzümine saýlanmak bilen, geljekde hem netijeli halkara gatnaşyklary giňeltmäge hemmetaraplaýyn ýardam etmegi maksat edinip, parahatçylyk döredijilikli kuwwatyny BMG-niň yglan eden Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirýär.

Seyitnur Hasanow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetinin talyby.

 

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryna hat iberdi

 

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi