Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Kataryň Medeniýet merkeziniň baş direktory Halid bien Ibrahim Al-Sulaiti bilen duşuşdy.
Duşuşykda 2024-nji ýylyň 1-11-nji fewraly aralygynda Kataryň paýtagty Doha şäherinde geçiriljek arap atlarynyň festiwaly boýunça guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu festiwalyň çäklerinde arap atlarynyň gözellik bäsleşiginiň hem geçirilmeig meýilleşdirilýär.
Türkmenistan bilen Katar medeni-ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, golaýda türkmen diplomaty Kataryň iri bilim we medeniýet edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.
