Türkmenistan bilen Italiýanyň arasynda demirýol ulaglary, port we deňiz gatnawlary boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyldy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Italiýanyň ulag we infrastruktura ministri Matteo Salwininiň arasynda geçirilen gepleşiklerde bu barada degişli ylalaşyklara gol çekildi.
Ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk iki ýurduň arasyndaky gepleşikleriň özenini düzdi. Italiýanyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň habar bermegine görä, Türkmenistanyň we Italiýanyň arasynda 2 sany özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekildi.
Ylalaşyklar Italiýa bilen Türkmenistan portlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy we iki ýurduň arasyndaky ulag gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gönükdirildi.
