JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

Pekinde Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi. Geňeşmelerde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaşçylyk etdi, hytaý tarapyna Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Ma Çžaosýu wekilçilik etdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-hytaý strategiki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna ünsi çekdiler. Şu nukdaýnazardan, iki ýurduň döwlet ýolbaşçylarynyň derejesinde alnyp barylýan oňyn hem yzygiderli dialogyň döwletara gatnaşyklaryna itergi berýändigi, bu dialogyň dowamynda bolsa, özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlary boýunça netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek we berkitmek üçin meseleleriň giň toplumynyň ara alnyp maslahatlaşylýandygy nygtaldy.

Halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky üstünlikli hyzmatdaşlygy barada bellendi. Şeýle hem taraplar “Merkezi Aziýa-Hytaý” hyzmatdaşlyk formatynyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri barada pikir alyşdylar.

Diplomatlar söwda-ykdysady ugurda netijeli hyzmatdaşlygy bellediler, energetika, ulag-aragatnaşyk arabaglanyşygy, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça bilelikdäki işleriň gidişini seljerdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy

Ata Watan Eserleri

Russiýanyň “Ozon” internet söwda platformasy Türkmenistanyň bazaryna çykdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Çagalar – parahat we abadan durmuşa mynasypdyr!

Türkmenistanda saýlawlar geçirilýär

Narine Saakýan we Jalpa Ratna Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglandy

Oguljahan Atabaýewa: haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna näsag çagalara 758 operasiýa geçirildi