BIZNES

Türkmenistan bilen Hytaý gümrük ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny berkidýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Szinpin bilen Halk ýygnaklar öýünde geçiren duşuşygynyň netijesi boýunça Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük edarasynyň arasynda Ygtyýarly ykdysady operatorlaryň maksatnamasynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Bu resminama özara tejribe alyşmak arkaly Ygtyýarly ykdysady operatorlar ulgamynyň kämilleşdirilmegi babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutýar. Ähtnamanyň çäginde taraplar degişli işgärleriň Ygtyýarly ykdysady operatorlar babatda hünärini ýokarlandyrmak maksady bilen okuw çärelerini, türgenleşik okuwlaryny, ýüzbe-ýüz duşuşyklaryny geçirmegi, bu ulgamy ornaşdyrmak boýunça tejribe alyşmak maksady bilen özara saparlary gurnamagy maksat edinýärler.

Bu bolsa, 2023-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Gümrük kodeksine Ygtyýarly ykdysady operatorlar ulgamy babatda girizilen goşmaçalaryň iş ýüzünde ýerine ýetirilmeginde, şol bir wagtda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine ähmiýetli bolar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder