JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Hytaý bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer

«Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nurmuhammet Amannepesow Hytaý Halk Respublikasynyň bilim ministri Huaý Szinpen bilen duşuşdy. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda bilim ulgamynyň dürli ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berip, taraplar bilim, ylym we medeniýet ulgamlaryny mundan beýläk-de hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek üçin täze mehanizmleri we innowasion usullary bilelikde öwrenmek babatda iş alyp barýandyklaryny bellediler.

Türkmen tarapy mundan beýläk-de Hytaý bilen ýokary okuw mekdepleri, talyplaryň alyş-çalşygy, sanly bilim ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardygyny belläp geçdi.

Hytaýyň ministri iki tarapyň hem köp derejeli hyzmatdaşlygyň täze mehanizmini bilelikde işe giriziljekdigine we ÝUNESKO-nyň çäginde öz içine alýan täze modelleriň we görnüşleriň dörediljekdigine we bilim pudagynda hytaý-türkmen gepleşiklerini täze derejä çykaryljakdygyna ynam bildirdi.

Ýene-de okaň

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Jidde gatnawlary 1-nji aprele çenli ýatyryldy

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary üçin sebitleýin okuw maslahaty geçirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Halkara zenanlar güni mynasybetli gelin-gyzlary gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti gelin-gyzlary Halkara zenanlar güni bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy