DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Gyrgyzystan elektrik energetika hyzmatdaşlygyny ösdürer

Şu ýylyň 3-6-njy maýy aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Energetika ministrliginiň wekiliýeti Aşgabatda saparda boldy. Gyrgyz Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň hyzmatdaşlygynda “Gyrgyzystanyň milli elektrik tory” edarasynyň baş direktory A.Rysbekowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabatda gepleşikler geçirdi.

Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, Türkmenisanyň Energetika ministrliginde geçirilen gepleşiklerde iki ýurduň arasyndaky energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada pikir alşyldy. Şeýle hem 2025-nji ýylda Türkmenistanyň elektrik energetikasyny ibermek boýunça şertnamany özara kabul ederlikli şertlerde uzaltmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gyrgyz tarapy 2024-nji ýylyň 10-11-nji iýunynda Awstriýanyň Wena şäherinde Bütindnüýä bankynyň hem-de Awstriýa Respublikasynyň Hökümetiniň ýakyndan ýardam bermeginde Gyrgyz Respublikasynyň maýa goýum mümkinçilikleri boýunça halkara energetika forumynyň geçirilýändigini belläp, türkmen tarapyny bu foruma çagyrdy.

Taraplar iki ýurduň degişli ministrlikleri arasyndaky hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, şeýle hem özara duşuşyklary geçirmäge we energetika meselelerinde özara goldawlary bermek babatda hyzmatdaşlyklary ilerletmäge taýýardyklaryny belledi.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri