2023-nji ýylda Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 305 million dollara deň boldy. Türkmenistanda Germaniýanyň kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 597 million dollar, 594 million ýero hem-de 731 million mark möçberinde 199 taslama hasaba alyndy. Bu barada Türkmenistanyň Maýa goýum forumynda bellenilip geçildi.
Foruma gatnaşan German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms öz çykyşynda türkmen-german ykdysady hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerine ýokary baha berdi.
Ol türkmen-german hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda esasy 6 ugry belläp geçdi.
1. Energetika we çig mal: Merkezi Aziýanyň, hususan-da Türkmenistanyň bu ugurdaky ähmiýete has uludyr.
2. Logistika: Ýewropa Bileleşigi bilen Aziýanyň arasyndaky ulag-logistika ulgamynda Türkmenistanyň orny uldy. Aziýa bilen Ýewropany biri-birine birleşdirýän Türkmenistanyň ulag başlangyçlary ähmiýetlidir. Häzirki wagtda Orta geçelge, “Täze Ýüpek ýoly”, “Guşaklar we ýollar”, “Global derwezeler” we beýleki ulag geçelgeleri örän uly ähmieýete eýedir.
3. Dekarbonizasiýa we gaýtadan işlenilýän energiýa çeşmeleri. Türkmenistan tebigy serişdelere baý. Ýöne gaýtadan işlenilýän energiýa çeşmeleri boýunça uzakmöhletleýin durnukly ösüş möhümdir.
4. Oba hojalygy we suw serişdeleri: Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny ösdürmäge uly üns berýär. Bu ugurda suw serişdelerini dolandyrmaga hem aýratyn üns berilýär.
5. Saglyk we lukmançylyk enjamlary: Türkmenistanyň lukmançylyk ulgamy sebitde iň ösen ulgamlaryň biridir. Bu ugurda German kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.
6. Bilim: Durnukly ykdysayd ösüş üçin bilimiň orny uludyr, şonuň üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berilmelidir.
Şeýle hem German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms “Merkezi Aziýa-Germaniýa” hyzmatdaşlygyna ýokayr baha berip, bu ugurdaky ilkinji sammitiň geçen ýyl Berlinde geçirilendigini, ikinjisiniň bolsa, geljek hepde Gazagystanda geçiriljekdigini belledi.