9-10-njy noýabrda paýtagtymyzda geçirilen Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisi hem-de ylmy maslahat milli telekommunikasiýa ulgamynyň ýeten sepgitlerini bütin aýdyňlygy bilen görkezdi. Bu forum ulgamyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakda we tejribe alyşmakda uly ähmiýete eýe boldy.
Bu gün ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudagyny sanlylaşdyrmak, önümçilige ylmy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Munuň özi pudaklaryň işini döwrüň talabyna laýyk derejede döwrebaplaşdyrmakda ähmiýetlidir. Häzir ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak üçin zerur şertler döredilýär. Degişli Konsepsiýa laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenleriň, professor-mugallymlaryň, talyplaryň tagallasy netijesinde, sanly bilimiň ulgamlaýyn üpjünçiliginiň programmasy ornaşdyrylýar.
Ykdysadyýetiň pudaklaryna täze innowasion, sanly tehnologiýalar ornaşdyrylyp, elektron resminamalar dolanyşygyna hem-de elektron şahsyýetnamalar ulgamyna geçmek, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti, sazlaşykly işleýän elektron senagaty döretmek, sanly aragatnaşyk babatda şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aýyrmak boýunça işler yzygiderli amala aşyrylýar. Öňde goýlan bu wezipeler maglumat-aragatnaşyk, şol sanda internet hyzmatlarynyň hiliniň we ygtybarlylygynyň ýokarlandyrylmagyny, maglumat-aragatnaşyk üpjünçilik ulgamynyň ösdürilmegini, adamyň aň-bilim mümkinçilikleriniň doly derejede ulanylmagyny talap edýär.
Ýeri gelende, «Türkmentel — 2023» halkara forumynyň çäklerinde «Indiki nesil ykjam aragatnaşyk torlarynyň işe girizilmegi (IMT-2020/5G)» atly okuw sapagynyň guralandygyny bellemelidiris. Ony Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň (ITU) GDA boýunça sebit bölümi guradylar. Okuw sapagynda 5G ulgamly tehnologiýanyň uly bähbitlere eýe bolan aýratynlyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Bu ugurdaky işler, bellenilişi ýaly, aragatnaşyk ulgamynyň 5G — “bäşinji nesliniň” uly maglumatlaryň seljerilmegi we internet enjamlary bilen bilelikde, sanly ykdysadyýetiň esaslarynyň biri bolmagyna gönükdirilendir. Onuň esasy herekete getirijisi bolsa emeli aň tehnologiýalary bolmalydyr.
Şeýle hem bu halkara forumyň ýene-de özboluşly tarapy TM-CELL «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan müşderilere ýurdumyzda ilkinji gezek täze hyzmat bolan eSIM wirtual hyzmatyny hödürlemegi boldy. “eSIM” fiziki sim karty ulanmazdan, operatoryň öýjükli meýilnamasyny işjeňleşdirmäge mümkinçilik berýän sanly sim kartadyr. Adaty sim kartadan tapawutlylykda, “eSIM” kartyny eliňizde saklap bolmaýar. Adaty sim kartyň sanly görnüşi bolan bu täsin hyzmatyň mümkinçilikleri örän giňdir. Şeýle täzeligiň ýola goýulmagy bu gezekki giň möçberli çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Umuman, bu halkara forum Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň döredijilik, ykdysady taýdan yzygiderli ösüş ýolunda gazanan giň gerimli üstünliklerini dünýä jemgyýetçiligine açyp görkezmek hem-de bu ulgamda dünýä derejesinde iň täze işläp taýýarlamalary ulanmak babatda tejribe alyşmak boýunça özboluşly meýdança boldy.
Arslan Begmämmedow,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.