JEMGYÝET

Türkmenistan 2026-njy ýyldaky sammitleriň gün tertibine suw meselesini girizmegi maksat edinýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Milli Liderimiz iki ýurduň diplomatlarynyň halkara ähmiýetli başlangyçlary we teklipleri ilerletmäge gönükdirilen özara gatnaşyklary dowam etdirjekdigine ynam bildirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ýurtlarymyzyň daşary syýasat edaralaryna we ilçihanalaryna möhüm ornuň degişlidigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz ýakynda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimowyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanandygyna ünsi çekdi. Diplomat bu sylaga ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary hem-de halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan goşandy üçin mynasyp boldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda goňşy ýurduň döwlet Baştutany şu ýyl Türkmenistanda köp sanly halkara çäreleriň, şol sanda Awazada iri sammitleriň, Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forumyň üstünlikli geçirilendigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri 2026-njy ýylda Türkmenistan bilen Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has işjeň häsiýete eýe boljakdygyna ynam bildirip, geljek ýylyň ilkinji günlerinden başlap ýurtlarymyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän iri halkara çäreleriň guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça bilelikdäki işlere girişmegi teklip etdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz 2026-njy ýylda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň guramaçylyk meseleleri barada durup geçdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu sammitleriň gün tertibine suw meselesini girizmegiň möhümdigini belläp, Merkezi Aziýa, Aral we Hazar sebitlerinde, Amyderýada suw meselelerini çözmäge gönükdirilen hereketleriň bilelikdäki maksatnamasyny işläp düzmegiň zerurdygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Prezident Şawkat Mirziýoýewiň öňde boljak sammitleriň guramaçylyk, mazmun, hukuk we beýleki meseleleri boýunça bilelikdäki teklipleri işläp taýýarlamaga goldaw berjekdigine ynam bildirdi.

Ýene-de okaň

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Jidde gatnawlary 1-nji aprele çenli ýatyryldy

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary üçin sebitleýin okuw maslahaty geçirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Halkara zenanlar güni mynasybetli gelin-gyzlary gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti gelin-gyzlary Halkara zenanlar güni bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy