JEMGYÝET

Türkmenistan 2025-nji ýyla gadam basdy

Türkmenistan döwletimizde 2024-nji ýyl tamamlanyp, 2025-nji ýyla gadam basyldy. 2024-nji ýylda ykdysadyýetde, ylym we bilim, saglygy goraýyş, durmuş üpjünçiligi ulgamlarynda, oba hojalyk, ýangyç-energetika, gurluşyk toplumlarynda, ulag-kommunikasiýa, medeniýet ulgamlarynda uly üstünlikler gazanyldy.

Ägirt uly sebit we halkara ähmiýetli taslamalaryň, ilkinji nobatda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamalaryny durmuşa geçirmek işi dowam etdirildi.

Tamamlanyp barýan 2024-nji ýylyň ýene-de bir möhüm waka beslenendigini bellemek gerek. Şu ýylyň soňky günlerinde döwlet Baştutanymyz türkmen halkyna “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly ajaýyp eserini peşgeş berdi.

2024-nji ýyl  “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly şygary astynda geçdi.

Täze — 2025-nji ýyl hormatly Prezidentimiz tarapyndan makullanan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly şygary astynda geçer.

Täze ýyl gijesi paýtagtymyzy diňe bir welaýat merkezleri bilen däl, eýsem, Arkadag şäheri bilen hem baglanyşdyrýan baýramçylyk teleköprüsi geçirildi. Göni aragatnaşyk ýurdumyzyň dürli sebitleriniň we Aşgabadyň ýaşaýjylaryny birleşdirdi, olar birek-birek bilen baýramçylyk şatlygyny paýlaşdylar. Şeýle hem bu gün Arkadag şäheriniň, welaýat merkezleriniň meýdançalarynda ýaş aýdymçylaryň we döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda Täze ýyl dabaralary ýaýbaňlandyryldy.

Hormatly ýaşulular, kümüş saçly eneler, häkimler, Arkadag şäheriniň we ähli welaýatlaryň hormata mynasyp ýaşaýjylary, elbetde, ýurdumyzyň ýaşajyk raýatlary döwlet Baştutanymyzy we ähli ildeşlerimizi Täze ýyl bilen gutladylar.

Teleköpri tamamlanandan soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow göni ýaýlymda Türkmenistanyň halkyna Täze ýyl Gutlagy bilen çykyş etdi.

Birnäçe pursatdan sagadyň dilleri 12-ni görkezdi. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.

Soňra baýramçylyk feýerwerki öwşün atdy. Täze — 2025-nji ýyl baýramçylyk şüweleňiniň ajaýyp pursatlary bilen durmuşymyza gadam basdy.

 

Ýene-de okaň

Ýaşlar telekeçilik boýunça tölegsiz okuwlara çagyrylýar

Ata Watan Eserleri

Eýranyň, BAE-niň, Beýik Britaniýanyň liderlerinden Türkmenistanyň Prezidentine gutlaglar

Türkmenistanda Täze ýylyň ilkinji bäbegine “Parahat” diýlip at goýuldy

BAE-de Täze ýyl gijesi 2 sany Ginnesiň rekordy hasaba alyndy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

Ata Watan Eserleri

Putin, Szinpin we dünýä liderleri Türkmenistanyň Prezidentini gutlaýarlar