TÜRKMENABAT LUKMANÇYLYK ORTA OKUW MEKDEBI 2024/2025-nji okuw ýy ly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:
Býujet esasynda:
1. Şepagatçylyk işi.
II. Tölegli esasda:
1. Bejeriş işi.
2. Şepagatçylyk işi.
Lukmançylyk orta okuw mekdebine Lebap welaýatynda hemişelik ýaşaýan, umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmiiş kagyzlary: Türkmenabat şäherinde 2024-nji ýylyň 15 — 28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
—bilim baradaky resminamanyň (asyl nusgasy);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.
— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başgada, oku wa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlik de, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkez ýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— pasportyny;
— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär bäsleşik siz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2024-nji ýylyň iýul aýy nyň 31-i — awgust aýy nyň 1-i, awgust aýynyň 3-4-i we 6-sy günlerinde Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde (Türkmenabat şäheri) geçirilýär.
Giriş synaglary ähli hünärler boýunça himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçiril ýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda, döwlet dilinde dil den geçirilýär.
Saýlap alan hünärine durnuklydygyny kesgitlemek maksady bilen, dalaşgärler patologoanatomik edaranyň işi bilen tanyşdyrylar.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esas syz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.
Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň salgysy: Türkmenabat ş., Atamyrat Nyýazow