Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ikisiniň dört talyby «ABŞ-nyň institutlaryny öwrenmek» (SUSI) atly akademiki maksatnama gatnaşyjy boldular.Dalaşgärleri saýlamagyň netijeleri boýunça maksatnama gatnaşmaga Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň iki talyby – Gurbangül Sapargeldiýewa (biotehnologiýa we ekologiýa fakulteti) hem-de Çynar Garlyýewa (kiberfizika ulgamlary fakulteti), şeýle hem Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň iki talyby – Ýupar Egirjäýewa (halkara ykdysady gatnaşyklar fakulteti) hem-de Akgözel Rasulowa (halkara gatnaşyklary fakulteti) hukuk aldylar.
Işjeň talyplar üçin bäş hepdelik intensiw akademiki maksatnama 21-nji iýun – 26-njy iýul aralygynda Amerikanyň ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda geçirilýär. Bu başlangyç ABŞ-nyň medeniýetine, taryhyna we jemgyýetine düşünmegi gowulandyrmaga, şeýle hem öňdebaryjylyk, diplomatik häsiýetleri, medeni köpdürlülige hormaty ösdürmäge ýardam etmäge gönükdirilendir.
Okuw maksatnama interaktiw okuwlary, çekişmeleri, umumy okuwlary, okuw maslahatlary, workşoplary, ABŞ-nyň sebitleri bilen tanyşlyk gezelençlerini hem-de dürli desgalara baryp görmekligi özünde jemleýär.
Maksatnama üç esasy ugra ünsi jemleýär. Üýtgäp durýan dünýäde zähmetiň taryhy we geljegi – bu ugur ABŞ-da işçiler hereketiniň taryhy tarapyny, tehnologik täzelenişleriň zähmet bazaryna täsirini hem-de ählumumylaşmagyň ýerli we dünýä ykdysadyýetine täsirini öwrenýär. Bu babatdaky meselelere gowy düşünmekleri üçin talyplar ABŞ-nyň okuw mekdeplerine bardylar hem-de ýerli telekeçiler bilen duşuşdylar.
Ikinji ugur – okuw maksatnama we okatmagy ösdürmek. Onuň çäklerinde talyplar dünýäniň ýurtlarynyň uniwersitetlerinde işleriň üýtgäp durýan häsiýetlerine uýgunlaşan bilim maksatnamalaryny işläp düzmek hem-de okuw sapaklaryny taýýarlamak başarnyklaryny ösdürdiler. Olar FIUT-iň (Talyplaryň üsti bilen halkara özara düşünişmek gaznasy) bilermenleriniň we çykyş etmek üçin çagyrylan beýleki adamlaryň ýolbaşçylygynda okuw hem-de mugallymçylyk maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga degişli öňdebaryjy tejribäni öwrendiler.
Üçünji ugur – öňdebaryjylyga mahsuslyk we ösüş bolup, ol öňdebaryjylyk häsiýetlerini ösdürýän çäreleri hem-de wezipeleri özünde jemledi. Medeni köpdürlülige we aýratynlyklara uly üns berildi. Bilelikdäki duşuşykda talyplar toplan tejribeleri hem-de bilimleri, tutuş maksatnamanyň dowamynda dürli ýurtlaryň talyplary bilen özara gatnaşyk etmekden galan täsirler barada pikir alyşdylar we täsirlerini paýlaşdylar.
Çärä gatnaşyjylar okuw döwründe işçi toparlaryň işleriň alnyp barlyşyny ýeňilleşdirmäge degişli usullary we serişdeleri ulanmak başarnyklaryny özleşdirdiler we bu ukyba eýe boldular, kollejleriň okuw binalarynda amerikaly deň-duşlary bilen duşuşdylar hem-de bilelikde dürli çärelere gatnaşdylar. Medeniýetleriň gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berildi, şonuň netijesinde, ABŞ-nyň we tutuş dünýäniň talyplarynyň – ýaşlaryň arasynda dostlukly berk gatnaşyklar emele geldi.Biziň talyplarymyzyň SUSI maksatnamasyna gatnaşmaklary türkmen ýokary okuw mekdepleriniň ählumumy derejede öňdebaryjylygyň hem-de ýaşlaryň arasynda medeniýetleriň özara düşünişmegiň ösdürilmegine ygrarlydygyny ýüze çykarýar.