Russiýanyň Türkmenistanyň raýatlary üçin orta hünär, ýokary we goşmaça hünär bilim edaralaryna kabul etmek üçin kwota kampaniýasy 7-nji oktýabrda başlaýar. Bu barada Aşgabatdaky Rus öýüniň metbugat gullugy habar berdi.
Russiýanyň hökümeti 2025-2026-njy okuw ýyly üçin uniwersitetlerde türkmen raýatlary üçin 500 býujet ýerini bölüp berdi. Russiýa öýüniň belläp geçişi ýaly, kampaniýa gatnaşmak üçin education-in-russia.com web sahypasynda hasaba alynmaly.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan teklip edilmegi bilen kwotalaryň sany 250-den 500-e çenli ýokarlandy.
Bu kwota maksatnamasy türkmen dalaşgärlerine Russiýanyň uniweristetlerinde mugt okamak müminçiligini döredýär. Bu başlangyý Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam edýär.
Mahabat:
Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime
Daşary ýurtda bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.
“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi
Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,
Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401
Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55
Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com