SIZDEN GELENLER

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynda dilleriň goşandy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlyk ugrunyň gerimi barha giňeldilýär. Dünýä döwletleri bilen ysnyşykly we netijeli syýasy we ykdysady, şol bir wagtda medeni we parlamentara gatnaşyklar işjeň ösdürilýär. Ýaponiýa Türkmenistanyň ygtybarly, strategik hyzmatdaşlarynyň biridir. Häzirki wagtda däp bolan dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykdy. Ähli ugurlarda türkmen- ýapon hyzmatdaşlygy ýylsaýyn berkidilip, halkara derejede uly ösüşlere eýe bolýar.

Soňky ýyllarda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy bilim ulgamynda işjeň ösdürilýär. 2013-nji ýylda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Sukuba uniwersitetiniň arasynda ylymlary alyşmak we hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga, şeýle hem 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Tokionyň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň arasynda akademiki alyşmalar we hyzmatdaşlyk boýunça Ylalaşyga gol çekildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň Oguz han adyndaky Inžener- tehnologiýalar uniwersiteti Sukuba uniwersiteti bilen özara gatnaşyklary işjeňleşdirýär.

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde hünärleriň hem-de okuw dersleriniň ýurdumyz üçin täze dili göz öňünde tutulyp, bu ugurlar boýunça okatmaga meşhur ýapon professorlary we alymlary çagyrylýar. Ýokary okuw mekdebinde Ýaponiýa tarapyndan guramaçylyk işlerini Sukuba şäheriniň uniwersiteti öz üstüne aldy. Golaýda, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Ýapon-türkmen ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk assosiasiýasynyň arasynda innowasion tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu resminama ylym-bilim ulgamynda, hususan-da, Ýaponiýa ýaly tehnologiýa taýdan ösen döwlet bilen innowasion ulgamda hyzmatdaşlygyň berkidilmegi meýilleşdirilýär.

Bu özara hyzmatdaşlykda biziň ýurdumyzda ýapon diliniň, şeýle hem Ýaponiýada türkmen diliniň öwredilmegine hem aýratyn ähmiýet berilýär.  Munuň özi ylym ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berer. Umumy pikire görä, bu işler giň dünýägaraýyşly nesli kemala getirmekde, iki dostlukly halky ýakynlaşdyrmakda we medeniýetlerimizi özara baýlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Ýurdumyzda ýapon diliniň öwredilip başlanmagy 2007-nji ýylda ýola goýuldy. 2007-nji ýyldan bäri Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ýapon dili hünär dili hökmünde öwredilýär. Şonuň ýaly-da,  Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda, ýurdumyzyň 12 sany umumybilim berýän orta mekdebinde ýapon dilini öwretmek ugrunda tagallalar edilýär.

Leýli Durdyýewa,

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň

Dil öwreniş kompýuter lingwistika ugrunyň 1-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri