Ministler Kabinetiniň mejlsinde daşary işler ministri şu ýylyň 30-njy noýabry-12-nji dekabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçiriljek BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň (COP-28) 28-nji maslahatyna Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi.
Garaşylyşy ýaly, ýokarda agzalan maslahat abraýly halkara guramalaryň we dünýäniň ýurtlarynyň köpsanly wekiliýetlerini birleşdirer. 1-2-nji dekabrda döwletleriň we hökümetleriň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda COP-28 maslahatynyň utgaşykly mejlislerini geçirmek meýilleşdirilýär. Maslahatyň işi howanyň üýtgemegine garşy durmagyň halkara maliýe binýadyny güýçlendirmek we bu ugurdaky hereketleri maliýeleşdirmekde hususy pudagy höweslendirmek; zeper we ýitgi gaznasynyň işini işjeňleşdirmek; azyk howpsuzlygyny üpjün etmek; suw meselelerini netijeli çözmek ýaly ugurlary öz içine alýar.
Plenar mejlisler bilen birlikde howa meselelerine bagyşlanan ýokary derejeli ugurdaş çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.
COP-28 maslahatynyň netijeleri boýunça halkara resminamalarynyň birnäçesiniň kabul edilmegine garaşylýar.
Mundan başga-da, COP-28 maslahatyna ýurdumyzyň ugurdaş edaralarynyň gatnaşmagy, şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetiniň 26-28-nji noýabrda Dubaý şäherinde howanyň üýtgemegine garşy göreşmek babatynda geçiriljek Ýaşlar maslahatyna gatnaşmagy baradaky teklip beýan edildi.
