BIZNES

Türkmen we eýran gümrükçileriniň duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň wekilleriniň türkmen-eýran döwlet serhedinde ýerleşýän «Sarahs-Sarahs» gözegçilik-geçiriş ýerinde iş duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berýär.

Duşuşykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň 2023-nji ýylyň 30-njy maýynda Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde geçirilen türkmen-eýran gepleşikleriniň netijeleri boýunça gol çekilen, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň arasynda hyzmatdaşlygyň geljekde çuňlaşdyrylmagy we giňeldilmegi boýunça bilelikdäki çäreleriň  2023-2024-nji ýyllar üçin Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi hem-de göz öňünde tutulýan çäreleri durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem, taraplar türkmen we eýran serhedinde hereket edýän gümrük nokadynda gümrük gözegçiliginiň guralyşy, harytlaryň barlagy we bu ugurda ulanylýan enjamlar, resmileşdiriş işleriniň alnyp barlyşy we sanly ulgamyň ulanylyşy, gümrük kadalarynyň bozulmalaryna garşy göreş babatda alnyp barylýan işler we beýleki bar bolan tejribeler, şeýle hem demirýol hem-de awtomobil ulaglarynda ýükler daşalanda gümrük we logistika hyzmatlarynyň ýerine ýetirilişi bilen birek-biregi ýakyndan tanyşdyrdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder