BIZNES

Türkmen-türk söwda gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkiýäniň Söwda ministrliginiň Türkmenistandaky wekilleri türk işewür dünýäsiniň wekilleri bilen duşuşdy. Onlaýn ýagdaýda geçirilen duşuşyga 260 töweregi işewür gatnaşdy.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda gatnaşyklary hem-de Türkiýäniň daşary söwda ugry barada pikir alyşmalar boldy.

Bu onlaýn tertibinde geçirilen duşuşykda  Türkiýe Türkmenistandaky ilçihanasynyň söwda boýunça baş geňeşçisi Serdar Akar, söwda geňeşçisi Aýhan Yşyk, söwda geňeşçisi Meral Karaarslan, Türkiýe-Türkmenistan Işewürler geňeşi türk tarapyna “Halil Avcı Şirketler Grubu” kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Halil Awçy, Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Kazym Gündogar, “Karakoyunlu Nakliyat” kompaniýasynyň Türkmenistan boýunça dolandyryjysy Burak Öztürk we “GAP İnşaat” kompaniýasynyň baş müdiriniň orunbasary Aziz Çengel çykyş etdiler.

Türkmenistan bilen Türkiýe gatnaşyklary ähli ugurlarda ösdürilýär. Iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygy yzygiderli ýokarlanýar. Işewürler geňeşleriniň duşuşyklary, sergi-ýarmarkalar, özara saparlar ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge mümkinçilik berýär.

 

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary