Türkmen türgeni Belarus Respublikasynda geçirilýän GDA ýurtlarynyň II oýunlarynyň Soligorskide tamamlanan erkin göreş boýunça ýaryşlarynda ýygyndy toparymyzyň ýene-de bir üstünligi hasaba alyndy. Ildeşimiz Zyýamuhammet Saparow bürünç medala eýe boldy.
125 kilogram agram derejesinde tutluşyga çykan türkmen türgeni bürünç medal ugrundaky göreşde azerbaýjanly pälwan Aslan Abakarowy 3:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.
Beýleki bürünç medalyň eýesi bolsa gazagystanly pälwan Omarhan Nadirow boldy. Finalda russiýaly Alen Hubulow belarusly Alekseý Parhomenkony ýeňmegi başardy we birinji orny eýeledi.
Şeýle hem türkmen agyr atletikaçysy Atajan Daýyýew Belarus Respublikasynda geçirilýän GDA ýurtlarynyň II oýunlarynyň kümüş medalyny gazandy.
Türkmen türgeni 109 kilogramdan ýokary agram derejesinde çykyş etdi. Ildeşimiz iki görnüşiň jemi boýunça 351 kilogram (silterläp — 150, itekläp — 201 kg) agyrlygy boýun egdirdi. Bu netijesi zehinli agyr atletikaçyny hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykardy. Ýeri gelende bellesek, bu agram Oýunlaryň agyr atletika ýaryşynyň iň ýokary agram derejesidir.
