Hormatly Prezidentimiz tarapyndan döwlete dahylsyz pudagyň has-da ösdürilmegine uly ähmiýet berlip, hususyýetçiligiň has-da ilerlemegine giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki döwürde hususy pudagyň iň işjeň hereket edýän pudaklarynyň biri-de oba hojalygy, şunuň bilen baglylykda, azyk senagatydyr.
Soňky ýyllarda bu pudagyň düzüminiň agramly bölegi hususy taraplardan ybarat boldy. Ýurdumyzyň çar künjeginde döwrebap oba hojalyk toplumlary hem-de ýyladyşhanalar gurlup, olarda dürli oba hojalyk önümleri öndürilip, halkymyza elýeterli bahalardan ýerlenýär.
Ine, şu ugurda iş alyp barýan hususy pudagyň wekilleriniň biri hem “Ýigit” hojalyk jemgyýetididir. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ýigit» hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda gök önümleri öndürmekde, azyk bolçulygyny döretmekde, gök-bakja önümleri bilen içerki we daşarky bazarlarymyzy üpjün etmekde uly goşandyny goşýar.
«Ýigit» hojalyk jemgyýeti öz işini döwrebap derejede gurnap, halkara hyzmatdaşlygyna hem ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Şonuň üçin hususy pudagyň wekilleri daşary ýurtda gurnalýan halkara sergilerine yzygiderli gatnaşýarlar.
Bu jemgyýetiň wekilleri Niderlandlar Patyşalygynyň Amsterdam şäherinde her ýyl geçrilýän “GreenTech Amsterdam” sergisine gatnaşdy. “GreenTech Amsterdam” önümleri tanyşdyrmak hem-de hil boýunça gepleşikler geçirmek üçin oňat meýdança bolup hyzmat edýär.
Her ýyl geçirilýän bu halkara ykdysady gözden geçiriliş çäresine üstümizdäki ýylda gatnaşýanlaryň we serginiň işi bilen tanyşmaga gelýänleriň sany 7 göterim artdy. Oňa gelen işewür düzümleriň wekilleriniň sanynyň 2022-nji ýyl bilen deňeşdireniňde, 7 göterim artyp, 11500-e ýetmegi ýyladyşhana tehnologiýasyna gyzyklanmanyň hem-de maýa goýumyň artýandygynyň aýdyň mysaly bolup durýar.
128 döwletden dürli derejeli hünärmenleriň gatnaşan bu sergisine «Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň wekilleri hem gatnaşyp, ýyladyşhana ulgamyndaky täzeçil tehnologiýalar bilen tanyşmagy, olaryň ýurdumyzda alyp barýan işlerini has-da ilerletmäge giň mümkinçilik berer.
Şeýle hem “www.hortidaily.com” neşirinde “Türkmenistanda bagbançylyk pudagy möhüm özgerişliklere şaýat boldy”. atly makala çap edilip, onda soňky bäş ýylyň dowamynda Türkmenistanda bagbançylyk pudagy möhüm özgerişliklere şaýat boldy, Türkmenistanyň Hökümetiň döwlet goldawy, pes göterimli karzlar we ýerleriň bölünip berilmegi arkaly oba hojalygynyň we bagbançylygyň ösdürilmegi 2016-njy ýyldan bäri köp sanly ýyladyşhana toplumlarynyň döredilmegine itergi berdi, diýlip bellenilýär.
“Ýigit” hojalyk jemgyýetiniň hem üstünlikleri bu pudakdaky giň geirmli özgertmeler bilen berk baglanyşyklydyr. Hojalyk jemgyýetiniň häzikri wagtda 70 gektar meýdanda ýyladyşhana toplumyny dolandyryp, bu möwsümde onuň meýdanyny ýene-de 20 gektar artdyrmagy maksat edinýändigi bellenildi.
Hojalyk jemgyýeti pomidorlaryň durnukly hem-de lezzetli sortlaryny ösdürip ýetişdirip, önümçiliginiň 90 göterimini Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Russiýa, Belarus, BAE, Täjigistan we Owganystan ýaly ýurtlara eksport edýändigi bellenilip geçilýär.
Hojalyk jemgyýetiniň Türkmenistanda ilkinjileriň hatarynda bu bazarlara çykmak üçin “Global G.A.P” şahadatnamasyna eýe bolandygyny hem bellemek gerek.
“Ýigit” hojalyk jemgyýeti niderlandly hünärmenler bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip, öz iş ugruny giňeldýär. Halkara önüm öndürilijiler bilen hyzmatdaşlyk hojalyk jemgyýetiniň yzygiderli ösmegine goşant goşýar.