BILIM

Türkmen talyplary Polşadan 26 medally dolandylar

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 7 — 10-njy noýabr aralygynda Polşa Respublikasynyň Katowise şäherinde matematika dersi boýunça geçirilen halkara olimpiadada hem üstünlikli çykyş edip, oňat netijeleri görkezdiler.

Olimpiadanyň netijeleri boýunça türkmenistanly talyplar şahsy bäsleşikde 6 altyn, 9 kümüş, 11 bürünç medala mynasyp boldular.

Şahsy bäsleşikde

  • Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Balkan Jepbarow, Meňli Rahmedowa, Emir Wellekow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Medine Ödäýewa, Nurmyrat Ataýew, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Döwran Myradow altyn medala;
  • Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Söhbet Maksadow, Hajymuhammet Ataýew, Döwlet energetika institutynyň talyby Muhammet Annaýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary Batyr Öwezmyradow, Muhabbat Zafarjanowa,
  • Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Döwletgeldi Esenow, Daniýar Emirkulyýew,
  • Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Gurtgeldi Hanow,
  • Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Gülşat Akmämmedowa kümüş medala;
  • Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Şabibi Nurjanowa,
  • Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Azymgeldi Şyhow,
  • S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby Ýazjuma Nurjaýew,
  • Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Gülöwser Gylyçmämmedowa,
  • Döwlet energetika institutynyň talyplary Baýram Turaýew, Nurmuhammet Goçyýew,
  • Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary Begenç Saparow, Döwlet Nurmyradow,
  • Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplary Maksat Akmyradow, Öwezgeldi Mukmyradow,
  • Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby Ramazan Nurýagdyýew bolsa bürünç medala mynasyp bolmagy başardylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan halkara matematika olimpiadasynda 211 medal gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklanyldy

Ykdysady taslamalar boýunça Startup bäsleşigi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň bilim ministri Parižde GEM 2026 hasabatynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanlylara Ýewropa ýurtlarynda magistr maksatnamasy üçin okamak mümkinçiligi

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi türkmen ýaşlaryny bilim almak mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrdy