TESWIRLER

“Türkmen” sözünıň gelıp cykyşy : Beýik Türk diýmekmi?

Türkmen etnoniminiň gelip çykyşy, ençe asyrlardan bäri derňelip gelinse-de, häzire çenli-de jogaby anyk bilinmeýän gyzykly etimologik soraglaryň biridir. Dil ylmynyň, ylaýta-da türkologiýanyň ösmedik döwründe bu söz ylmy taýdan ygtybarsyz, ýönekeý halky düşündirişlere eýe bolupdyr. Gynansak-da, olaryň käbiri häzirki döwürde-de kitapdan-kitaba geçip, ýaşamagyny dowam etdirýär. Bu bolsa agzalan etnonimiň, adalganyň çynlakaý derňewini aktual meselä öwürýär.

Mundan tas müň ýyl öň beýik türkolog alym Mahmyt Kaşgary öz “Diwany Lugat at-Türk” kitabynda türkmenler bilen bagly şeýle ýazýar: “Isgender Zülkarneýn ilkinji gezek türkmenleri görende, olara “inan turk manänd” [parsça], ýagny bular türke meňzeşler diýenmiş”. Mahmyt Kaşgarynyň bellemegine görä, bu söz soňra türkma:n bolupdyr. Parsça bolansoň, belki, alym bu sözi nätakyk okandyr? Belki-de, şeýdibem säwlik bilen Isgender Zülkerneýniň adyna berilýän “inan turkman-änd”, ýagny, başda aýdyşymyz ýaly, “bular türkmendirler” diýen söz netijede “türkmanend” bolandyr?

Bu at, ýagny turkman adalgasy häzirki wagtda diňe yrak türkmenleriniň bir tiresiniň adynda saklanyp galypdyr. Ýöne welin bu aslynda pars diliniň sözleýiş we ýazuw täsiri bilen ýüze çykan aýratynlyk bolsa gerek? Sebäbi açyk /ä/ (azerbaýjan dilnde /ә/) arap-pars elipbiýinde elip /e/ harpy bilen ýazylýar we sözüň ortasynda ýa-da soňunda gelende, uzyn /a:/ diýlip okalýar. Hut şol sebäpden ترکمن/ تورکمن görnüşde yazylmaly söz ترکمان/ تورکمان  görnüşde yazylypdyr. Onsoň ol parsçada turkma:n diýlip okalýar. Ýeri gelende aýtsak, hut bu düzgüne görä-de, azerbayjan dilinde güýçli ýel manysynda ulanylýan külәk sözi parçada ku:la:k  کولاک, gökleň adalgasy-da gu:kla:n  گوکلان  bolýar.

Agzalýan etnonimiň gelip çykyşy bilen bagly halky etimologiýa daýanýan düşündirişleriň ýene biri-de türkmen sözüniň, hamana, türk iman sözünden gelip çykandygy baradaky çaklamadyr. Emma bu ygtybarly çaklama däl. Sebäbi iman sözüniň türkmen diline biziň ata-babalarymyz musulman dinini kabul edenden has soň girendigi belli. Eger bu döwre çenli türkmeniň eýýäm türkmen ady bilen tanalandygyny göz öňünde tutsaň, onda bu etnonimi “türk iman” söz düzümi bilen baglajak bolmak asla heňe gelenok. Galyberse-de, biziň ene dilimizde ilkibaşdan beýle söz düzümi ýok. Eger bolan bolsady, onda onuň bilen ugurdaş ýene ençe sözler döräp bilerdi. Meselem: “arap iman”, “pars iman”, “gazak iman” ýa-da azerbaýjan däl-de, “azer iman” we ş.m.

Belki, bu düşündirişe ýykgyn edilmeginiň düýbünde ýönekeý isleg, ýagny “iman” möhüm dini düşünje bolansoň, ony zoraýakdan türkmen sözüniň gelip çykyşyna degişli etjek bolmak höwesi ýatandyr? Ýöne bu şol tüýs halky etimologiýa diýilýän zat bolup, onuň ylym bilen balanyşygy ýokdur. Ýagny, bu karbýuratorgara byradar”, Kanada adalgasy-da “kän ada” diýen türkmen sözünden döräpdir diýen ýaly boş gürrüňdir.

Aslynda türkmenleriň bize belli bolan has irki etniki ady oguz. Käbir taryhçylar şäherli oguzlara türkmen diýlendigini-de belleýärler. “Türkmen” etnonimi arap dilinde ilkinji gezek X asyrda ýaşap geçen arap geografy El-Makdesiniň “Ahsenu’t-takasim fi ma’rife-il-ekalim” kitabynda gabat gelýär (eseriň parsça terjimesinde 384-nji sahypada). Elbetde, bu fakt “türkmen” sözüniň edil şol ýyl dörändigini aňlatmaýar. Haýsydyr bir adalga döränsoň, ol ýazuwly edebiýata girýänçä kän ýyllar, belki-de ençe asyrlar geçýändir. Göktürk döwletiniň ýykylan döwründe türkmenler Isfijap şäherinde ýaşapdyrlar. Häzir Türküstan adyny göterýän bu şäher Ahmet Ýasawynyň mawzoleýiniň duran ýeridir we ol indi Gazagystana degişli.

Yasawynyň ýaşan döwri barada pars çeşmelerindäki maglumatlara daýanyp ýazylan iňlisçe kitapda agzalýan temadan örän gyzykly maglumatlar getirilýär. Onda bu etrapda ýaşaýan halkyň günortadan gelendigi we Afrasiýabyň neslindendigi tassyklanýar. Ferdöwsiniň “Şahnama” eserinde agzalýan Afrasiýab – ir döwürde hytaýlaryň aldap, duzaga düşürip, öldürendigi aýdylýan rowaýaty göktürk gahrymany Alp Ertuňganyň (Ertonga) adydyr. Mahmyt Kaşgarynyň “Diwany Lugat At-Türk” kitabynda şeýle agy bar:

 

 

Makdesi agzalýan eserinde Isfijaba ýakyn bir ýerde Kara Tigin atly bir şäheriň bardygyny, Kara Tiginiň mazarynyň-da şol ýerdedigini ýazýar (s. 384). Elbetde, bu at göktürk kaganlarynyň (hanlarynyň) biriniň adydyr diýdirýär. Esasan göktürkler özlerine törük diýýärler. Bu günki gün türkmenleriň ýomut taýpasynyň bir tiresiniň ady-da törrük. Ýeri gelende aýtsak, Osmanly döwletini guran kuwwatly gaýy türkmen taýpasynyň kiçeňräk bölegi-de häzir gökleň taýpasynyň bir tiresine öwrülip galypdyr. Kuwwatly garagoýunly taýpasynyň galyndysy-da indi ärsary türkmenleriniň bir tiresi hökmünde tanalýar.

Görşüňiz ýaly, türkmen etnonimi biziň halkymyz musulman dinini kabul etmezinden has öň döräpdir. Onsoň bu etnonimi, hamana “türk iman” sözlerinden gelip çykan edip görkezjek bolmak,  sagdyn ylmy logika gabat gelmeýär.

Bu arap diliniň duýarlykly täsiriniň Orta Aziýa halklarynyň dillerine giňden ýaýramazyndan birnäçe asyr öň bolup geçen waka we türkmen etnoniminiň “türk iman” söz düzüminden dörap bilmejekdigini tassyklaýan möhüm faktlaryň biridir.

Dogrusy, etnonimleri halky etimologiýa bilen has aňsat, ýöne has ýöntem düşündirmek endigi bu gün dörän kesel däl. Ol ir döwürlerden bäri dowam edip gelýän zat. Käbir dilçiler, taryhçylar gadymyýetde-de özlerine düşnüksiz adalgalary halky etimologiýa esasynda düşündirmäge ýykgyn edipdirler. Mysal üçin, näçe geňem bolsa, XII-XIII asyryň alymy “Mu’jem-ul-buldan” geografiki kitabyň awtory Ýakut Hamewi haly ýa-da kaly sözüniň Galygula diýen ermeni şäheriniň adyndan gelip çykandygyny ýazýar… XIII asyrda ýaşan taryhçy alym Reşideddin Fazlullah-da “Jami-ut-Tewaryh” atly eserinde täjikleriň türkmenlere türk-manend diýýändiklerini ýazýar. Ýöne, üns bermeli zat, ondan has öň X asyrda ýaşap geçen arap geograf Makdesi türkmenlere eýýäm türkmen diýýär.

Şol sebäpden bu ugurda Hamawä we Reşideddine ynanmak dogry bolmaz. Çünki olaryň bu meselede halky etmimologiýa ýüz urandygy görnüp dur.

XIX asyrda Orta Aziýa derwüş geýminde syýahat eden wenger alymy, gündogarşynas Armeniý Wamberi türkmen sözündäki +man/+men goşulmasyna jemleýji (umumylaşdyryjy) wezipäni ýerine ýetirýän goşulma diýip baha berýär. Ol türkçe şişman we karaman sözleriniň soňundaky goşulmalaryň ähmiýetine esaslanyp, türkmen sözündäki +men goşulmasyna-da umumylaşdyryjy goşulma hökmünde garaýar. Wamberiniň düşünjesine görä, türkmen sözi goýazy (agras) türk diýmekdir. Wenger türkology Ligetti hem bu sözi asylly, arassa türk diýip düşündirýär. Gepiň gerdişine görä ýatlasak, çuwaş dilinde man, mana – uly, iri, giň, esas, original, goýy, doly manylary aňladýar.

Şol bir wagtda-da man sözüniň on müň manyda gelýän ban görnüşdaki gadym türki sözden dörändigi çak edilýär. Miň we biň sözleri-de ban bilen kökdeş. Ban sözüniň hytaý dilinden alynma söz bolmagy-da ähtimal. Çünki Hytaýyň kanton dialektinde man “on müň” diýmekdir.

Ýatlap geçsek, man+ ýa-da men+ uly manysynda käte toponimleriň, ýagny ýer-ýurt atlarynyň başynda-da gelýär. Meselem, uly gyşlak manysynda man kyşlak – türkmençesi – Maňňyşlak. Gypjakçada kermen – gala ýa-da şäher, menkermen bolsa uly şäher diýmek. Häzirki Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäheriniň köne gypjak dilndäki ady – Menkermen. Türki dillerde +man/+men goşulmasy başga-da käbir ýer-ýurt atlarynda duşýar: Mingi Tau – “Elbrus dagy”, bu ýerde ming – beyik diýmek; Kögmen Aziýada bir dagyň ady; Tekmen we Çirmen hem ýer-ýurt atlary.

Türkçede we türkmençede soňunda +man/+men goşulmalary bolan köpsanly sözler bar. Olardan käbir mysallara ýüzleneliň. Türkçede: dikmen (dim-dik), ağırman (gaty agyr), işçimen (işeňňir), gülemen (gülek), azman (äpet). Türkmençede: edermen – (edenli), alarman – (aldajy), çaparman (atoglan, çapyksuwar), atarman (atyjy) we ş.m.

Bu mysallardan çen tutsaň, onda türkmen sözüniň soňundaky goşulma ululygy, beyikligi, köplügi aňladyp biler. Diýmek, türkmen etnoniminiň “uly türk”, “beýik türk”, “üstün türk” ýaly manylary aňladyp biljekdigini inkär etmek mümkin däl.

 

Ýusup Azmun,

professor, dilçi we edebiýatçy alym

 

Bu eserde beýan edilýän pikirler we garaýyşlar dolulygyna awtoryň özüne degişli bolup, “Ata Watan Media” bu eseri Size redaksiýon garaşsyzlygynyň çäginde, awtoryň asyl görnüşinde ýetirýär. Beýan edilen pikirler “Ata Watan Media”-nyň resmi garaýyşlaryny aňlatmaýar.

 

Ýene-de okaň

Häzirki Zaman Pars Dilinde Türkmen we Türki Sözler

Türkmen gowurma nahary – türki sözleriň iňlis diline geçişiniň nyşany

”Kaşyk” we ”Kalam” – Galam” sözleri barada: Söz kökümiz-öz kökümiz

Bir ýanýoldaş gidende, gidýän diňe bir öýdäki ýoldaşyňyz däl

“Ölýänçäm kakam bolup bilersiňmi?”

”Kaýda Watan ýurduň gardaş Abdylla”

Ata Watan Eserleri