SPORT

Türkmen samboçylaryň GDA ýurtlarynyň II oýunlaryndaky üstünligi

Türkmenistanyň ýygyndy toparyndaky 2 türgen – Batyr Hojamuhammedow we Madina Aýdogdyýewa Belarus Respublikasynda dowam edýän GDA ýurtlarynyň II oýunlarynda sambo boýunça bürünç medalyň eýeleri boldular.

Batyr Hojamuhammedow iň agyr agramda, ýagny 98 kilogram ýokary agramda bäsleşip, gyrgyz türgen Syýmyk Žaparowy ýeňip, üçünji orny eýeledi.

Madina Aýdogdyýewa bolsa, 59 kilogram agrama çenli bolan ýeňil agramda çykyş edip, gazak türgen Maržan Bozagy ýeňip, bürünç medaly gazanmagy başardy.

GDA ýurtlarynyň II oýunlarynyň çäklerinde sambo boýunça bäsleşikler Žlobin şäherinde geçirildi. 10 ýurtdan türgenler gatnaşyp, dürli agramda 14 medal toplum ugrunda bäsleşdiler.

Türkmenistanyň ýygyndy topary bu oýunlaryň medal sanawynda 7-nji orny eýelep, 16 medal gazandy. Olaryň 3-si kümüş we 13-si bürünç medallardyr.

Ýene-de okaň

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler