BILIM

Türkmen okuwçylary we talyplary halkara olimpiadalarda 737 medal gazandy

Şu ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanda bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda oňat netijeler gazanyldy. Bu barada ýurdumyzyň Hökümetiniň giňişleýin mejlisinde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, geçen döwürde halkara ders bäsleşikleriniň, olimpiadalaryň geçirilýän merkezi hökmünde eziz Watanymyzyň abraýy has-da pugtalandy. Okuwçylar we talyp ýaşlar halkara ders, internet bäsleşiklerinde jemi 156 altyn, 242 kümüş, 339 bürünç medal gazandylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, “Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnama” hem-de “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” tassyklanyldy. 1-nji synpa kabul ediljek çagalara sowgat beriljek noutbuk kompýuterleri bilen bagly degişli işler häzirki wagtda tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

2-nji iýunda tomusky dynç alyş möwsümine badalga berlip, Gökderedäki, Awazadaky, welaýatlardaky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde jemi 11 müňe golaý çaga dynç aldy. Ylym ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär, ylmy barlaglaryň netijeliligi ýokarlandyrylýar, ileri tutulýan ugurlar boýunça alymlary we ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak işi dowam etdirilýär.

“Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy”, Ylmy iş hakynda ylmy maksatnamalary (taslamalary), meýilnamalary we hasabatlary döwlet tarapyndan hasaba almagy guramagyň we geçirmegiň Tertibi tassyklanyldy. Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň “Oguz han” ylmy-tehnologiýalar merkezi döredildi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk derejesi berildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda kliniki ordinatura kabul etmegiň tertibi

“Iňlis dili” dersi boýunça IV halkara internet olimpiadasy

Türkmen wekiliýetiniň Rumyniýa iş sapary

Malaýziýanyň türkmen talyplary üçin talyp haklary mümkinçilikleri öwreniler

Garward uniwersitetinde mugt okamak mümkinçiligi: maliýe kömegini giňeldilýär

«Iň eýjejik gyzjagaz – 2025» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi