SIZDEN GELENLER

Türkmen-hytaý gatnaşyklary ösdürilýär

Şu günler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýar.  Bu saparyň çäginde Gahryman Arkadagymyz «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşýar.

Geçen ýyl Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny bellendi. Türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň häzirki many-mazmuny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary we geljegi giň gerimde ösdürilýär. 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmak hakynda bilelikdäki Jarnama gol çekilip,  türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy täze, has ýokary derejelere çykaryldy.

Häzirki wagtda Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasyny utgaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Häzirki zaman şertlerinde özara bähbitleriň bolmagy Türkmenistana we Hytaýa bu strategiýalary durmuşa geçirmegiň çäginde hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge mümkinçilik berýär. Bularyň ikisi hem Ýuwaş ummandan Atlantik ummanyna çenli ägirt uly giňişlige döwrebap ýörelgelerde birleşdirip, Ýewraziýanyň ykdysady ösüşine güýçli itergi bermäge gönükdirilendir. Olar birek-birege bagly bolan önümçilik we tehnologik ulgamlary, senagat guşaklyklaryny döredip, köp sanly durmuş meselelerini çözmegi, halklaryň ýaşaýyş derejesiniň, hal-ýagdaýynyň hilini ýokarlandyrmagy üpjün eder.

Iki tarap hem ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Häzirki wagtda Türkmenistan hyzmatdaşlar bilen bilelikde Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça birleşdirilen görnüşli giň üstaşyr ulag hem-de logistik üpjünçilik ulgamyny döredýär. Geljekde ol Hazar, Gara deňiz we Baltika sebitlerine barýan üstaşyr geçelgeleri öz içine alar. Bu bolsa Aziýa — Ýuwaş umman sebitinden Merkezi Aziýanyň üsti bilen Ýewropa we Ýakyn Gündogar bazarlaryna amatly guryýer ýoluny açýar. Şeýlelikde, Türkmenistan bilen Hytaý üçin hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleri döreýär.  ynanýaryn.

«Bir guşak, bir ýol» esaslandyrmak başlangyjy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine degişlidir. Onuň taslamasy HHR-iň Lideriniň 2013-nji ýylda Gazagystana amala aşyran sapary wagtynda hödürlenildi. Ol sebitleýin goşulyşmagy çuňlaşdyrmak, söwdany ösdürmek we ykdysady ösüşi gowulandyrmak üçin guryýer hem-de deňiz ýollary arkaly Aziýa yklymyny Afrika we Ýewropa bilen birleşdirmegi göz öňünde tutýan maksatnamadyr. Bu başlangyç iki ugry — Ýüpek ýolunyň ykdysady guşagyny we XXI asyryň deňiz Ýüpek ýoluny öz içine alyp, onda infrastruktura desgalaryny ösdürmek üçin maýa goýumlary çekmek ileri tutulýar.

«Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahaty Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň we Afrikanyň 60-dan gowrak ýurduny birleşdirýän täze söwda-ulag geçelgelerini döretmek, häzirki hereket edýänlerini bolsa kämilleşdirmek boýunça Hytaýyň halkara başlangyjy bolup durýar. Şeýle hem maslahat şol ýurtlar bilen Hytaýyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ösmegine ýardam berer.

Nepesgeldi Baýsähedow, 

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 4-nji ýyl talyby. 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri