Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz saparynyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň rowaçlyklara beslenýän daşary syýasat strategiýasy netijesinde 2026-njy ýylda ýurdumyzda geçiriljek halkara çäreleri ýokary derejede guramak bilen bagly meseleler bilen gyzyklandy we halkara çäreleriň guramaçylyk derejesine degişli taslamalar bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy deňiz ýakasyndaky şäheriň Halkara howa menzilinden täze ýylda ýokary derejeli halkara çäreleriň geçiriljek ýerine tarap ugrady.
Hormatly Arkadagymyz täze ýylda Hazaryň kenarynda meýilleşdirilen halkara çäreleriň geçiriljek ýerine geldi. Tutuş adamzat üçin taryhy ähmiýeti bolan meseleleri öz içine alýan halkara çäreleriň geçiriljek toplumynyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy, onuň girelgesiniň döwrebaplygy bilen tanşyp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu babatda degişli ýolbaşçylara öz maslahatlaryny berdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz binanyň içine girip, onuň enjamlaşdyrylyş derejesi, meýilleşdirilen halkara çäreleriň geçiriljek ýerleri bilen tanyşdy hem-de ýokary derejeli myhmanlaryň kabul ediljek ýerinde döredilýän şertleriň ýokary halkara ülňülere doly laýyk gelmelidigini belledi. Şunda täzeçil usullaryň we sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ulanylmagyna zerur üns berilmelidir. 2026-njy ýylda geçirilmegi göz öňünde tutulýan halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi, oňa taýýarlygyň çäklerinde dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň we innowasion tehnologiýalaryň peýdalanylmagy möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendir. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda alnyp barylýan taýýarlyk işleriniň depginini güýçlendirmek zerurdyr.
Milli Liderimiz toplumyň giň möçberli maslahatlaryň geçiriljek ýerine geldi. Bu ýerde meýilleşdirilen halkara maslahatlaryň we forumlaryň ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edilmelidir. Şunda binanyň içki bezeg işlerine, reňkleriň sazlaşygyna, onuň yşyklandyryş ulgamyna wajyp ähmiýet berilmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady hem-de bu babatda maslahatlaryny berdi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, bu ýerde döredilen mümkinçiliklerde we şertlerde ýurdumyzyň sanly tehnologiýalary özleşdirmekde ýeten derejesiniň öz beýanyny tapmalydygyny aýdyp, Halk Maslahatynyň Başlygy bu toplumda ýokary tizlikli internet ulgamynyň, aragatnaşyk serişdeleriniň netijeli işiniň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyza toplumda alnyp barylýan döwrebaplaşdyryş we bezeg işlerine degişli taslamalar, ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň görnüşleri görkezildi. Degişli ýolbaşçylar 2026-njy ýylda Hazaryň kenarynda halkara forumyň geçiriljek binasynyň ýerleşýän ýeriniň meýilnamasy, onuň bölümleriniň, mejlisler zalynyň teklip edilýän bezeg işleri, yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri barada giňişleýin maglumat berdiler.
