Sizi doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys! Türkmenistan döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyny arzuw edýäris!
Siziň doglan günüňiziň bellenýän günlerinde ýene-de bir şatlykly waka – Siziň başlangyjyňyz bilen döredilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda gurluşygy batly depginlerde dowam edýän ýurdumyzda we sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy giňden bellenilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri! Size berk jan saglygyny, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýäris!
Çuňňur hormatlamak bilen,
“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň redaksiýasy.
