JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri «ŞHG+» görnüşindäki duşuşyga gatnaşdy

Gazagystanyň paýtagtynda iri diplomatik çäre — Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýokary derejeli sammiti geçirilýär. Onuň çäklerinde guralýan «ŞHG+» formatyndaky duşuşygy hem guraldy. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri «ŞHG+» formatyndaky duşuşyga gatnaşmak üçin Gazagystanyň Garaşsyzlyk köşgüne geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Liderini Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew garşylady.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri sammite gatnaşmak üçin gelen beýleki döwletleriň döwlet we hökümet Baştutanlary bilen bilelikdäki surata düşmek dabarasyna gatnaşdy.

Gazagystanyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilýän «ŞHG+» formatyndaky duşuşygyna Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Hytaýyň Başlygy Si Szinpin, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Eýranyň Prezidentiniň wezipesine wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mohammad Mohber, Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagin Hurelsuh, Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerif, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Kataryň Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani, BAe-niň Ras el-Haým Emirliginiň emiri Saud bin Sakar al-Kasimi, Hindistanyň daşary işler ministri Subrahmanýam Jaýşankar, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş we beýleki iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu sammite gatnaşmazdan ozal, Magtymguly Pyragynyň Astanadaky ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Ýene-de okaň

Russiýanyň “Ozon” internet söwda platformasy Türkmenistanyň bazaryna çykdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Çagalar – parahat we abadan durmuşa mynasypdyr!

Türkmenistanda saýlawlar geçirilýär

Narine Saakýan we Jalpa Ratna Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglandy

Oguljahan Atabaýewa: haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna näsag çagalara 758 operasiýa geçirildi

“Makul Iňlisçe-Türkmençe” dil gollanmasy neşir edildi

Ata Watan Eserleri