JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Halkara zenanlar güni mynasybetli gelin-gyzlary gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zamanyň ösen talaplaryna we ýokary halkara görkezijilerine laýyklykda, bina edilen Arkadag şäherinde bolup, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurduň mährem enelerini, gelin-gyzlaryny gutlady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gutlagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent ruhly, päkize ahlakly, çeper elli türkmen zenanlarynyň sarpasynyň belent tutulýandygyny, dürli kärde zähmet çekýän zenanlaryň zähmetine uly hormat goýlup, olar üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi.

«Ata-babalarymyz zenanlara uly sarpa goýup, olaryň mertebesini belent tutmak ýaly, milli däpleri kämilleşdirip, mukaddeslik derejesine ýetiripdirler. Türkmen halky ene-mamalarymyza, mähriban zenanlarymyza maşgala ojagynyň, maşgala abadançylygynyň garap gelipdirler. Mährem enä, wepaly ýanýoldaşa, mähriban uýa bolan aýratyn hormat asyrlaryndan aşyp, halkymyzyň asylly däpleri hökmünde biziň günlerimize gelipdir» diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gutlagynda buýsanç bilen nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri pursatdan peýdalanyp, Gutlagynyň ahyrynda ene-mamalary, gelin-gyzlary, ähli zenanlary ýurtda halkara derejede giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, ýurduň ähli zenanlaryna berk jan saglygyny, egsilmez bagt, maşgala ojaklarynyň abadan bolmagyny arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti gelin-gyzlary Halkara zenanlar güni bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

Türkmenistanda Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda agzaçar sadakasy berler

Türkmenistanda köp çagaly enelere Ene mähri» diýen hormatly ady dakyldy

Türkmenistanda köp çagaly zenanlara ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi