Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi.
Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilenine 5 ýylyň dolýandygyny belledi we bu şanly sene mynasybetli hormatly Prezidentimizi, bütin halkymyzy hem-de gaznanyň agzalaryny tüýs ýürekden gutlady.
Türkmeniň ynsanperwerlik ýoly gadymy taryhymyzdan gözbaş alýar. Haýyr-sahawat etmek halkymyzyň asylly däbidir. Bu ýol häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň çagalarynyň bagtyýar durmuşyny, röwşen geljegini üpjün etmek, döwletimiziň ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Munuň üçin döwletimiziň berk binýady bar diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.
Häzirki döwürde çagalaryň döwrebap bilim alyp, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi üçin ähli şertleriň döredilendigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz nesilleriň sagdyn ösüp-ulalmagy, jemgyýetde öz ornuny tapmagy, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi her bir adamyň isleg —arzuwydygyny belledi. Halkymyzda «Öý ýaraşygy çaga» diýlişi ýaly, çagalary goldamak, hemaýat bermek, olaryň geljegi hakynda alada etmek biziň baş maksadymyzdyr. Gaznamyzyň döredilen gününden bäri köp işler amala aşyryldy. Kömege mätäç çagalaryň müňlerçesine yzygiderli goldawlar berildi.
Bu çagalar häzirki wagtda sagdyn durmuşyň şatlygyny duýup ýaşaýarlar. Olaryň döredijilige, ylym-bilime, sporta höwesini göreniňde buýsanjyň has hem artýar. «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýlişi ýaly, ýaşuly nesliň wekilleri bilen häzirki nesilleriň arabaglanyşygyny aýratyn bellemek isleýärin. Birek-birege hormat-sarpa goýmak, halypa-şägirtlik, öwüt-ündew halkymyzyň durmuşyna giňden ornaşandyr. Türkmenistanyň Halk Maslahaty we gaznanyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşi hem bu işde netijeli işleri alyp barýar diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.
Geçen ýyl Haýyr-sahawat gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyň ýokary derejede geçirilendigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu maslahatyň gaznanyň halkara derejesindäki abraýyny has-da artdyrandygyny, dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen myhmanlaryň gaznanyň alyp barýan işine ýokary baha berendiklerini aýtdy.
Haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna häzirki wagta çenli dünýäniň köp ýurtlarynyň dürli ýagdaýlar sebäpli kynçylyga uçran çagalaryna ynsanperwerlik ýükleri ugradyldy. Biz ata-babalarymyzdan gelýän ynsanperwerlik däplerine eýerip, bu asylly işleri mundan beýläk-de dowam ederis.
Çagalar – bagta, mähre mynasypdyr!
Çagalar – parahat we abadan durmuşa mynasypdyr!
Pursatdan peýdalanyp, siziň ähliňizi gaznamyzyň döredilmeginiň 5 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn diýip, Gahryman Arkadagymyz geljegimiz bolan ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli, ylymly-bilimli, kämil şahsyýetler bolup, Watanymyzyň abraýyny belende göterjek ýaşlar bolup ýetişjekdiklerine ynam bildirdi we mejlise gatnaşyjylary ýene bir ýola gutlady.
