JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş sapary amala aşyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärligiň ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäherine gelip, täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, gurulýan hem-de döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygynda alnyp barylýan işler, Gahryman Arkadagyň ozal beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy üçin mebeller we olaryň bezeg aýratynlyklary bilen bagly maglumat berildi. Şeýle hem bu ýerde Arkadag şäheriniň metjidiniň bezeg işlerine degişli serişdeler görkezildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri görkezilen şekil taslamalary bilen tanşyp, guruljak her bir binanyň bezeg serişdeleriniň maksadalaýyk seçilip alynmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi hem-de bu ugurda degişli ýolbaşçylara öwüt-ündewlerini berdi. Mundan başga-da, «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen täze şäheriň özboluşly binagärlik aýratynlyklarynyň, onuň ýokary ekologiýa derejesiniň we ýaşaýyş jaýlarynyň suw arassalaýjy serişdeler bilen üpjünçiliginiň, olaryň yşyklandyryş ulgamynyň halkyň durmuşyna mahsus derejede bolmalydygyny belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýol ýaklarynda oturdyljak ýol germewleriniň kada laýyk bolmalydygyna ünsi çekip, olaryň sürüjileriň howpsuzlyk talaplaryna laýyklykda oturdylmagynyň ähmiýetini nygtady. Şeýle hem Gahryman Arkadag bu ýerde şäheriň çäklerinde we ýol ýakalarynda oturdyljak bag nahallaryny synlady hem-de bu babatda degerli maslahatlaryny berdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler barada, şeýle hem şäherde öňde boljak baýramçylyklar mynasybetli çäreler dogrusynda maglumatlar berildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy

Ata Watan Eserleri

Russiýanyň “Ozon” internet söwda platformasy Türkmenistanyň bazaryna çykdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Çagalar – parahat we abadan durmuşa mynasypdyr!

Türkmenistanda saýlawlar geçirilýär

Narine Saakýan we Jalpa Ratna Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglandy

Oguljahan Atabaýewa: haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna näsag çagalara 758 operasiýa geçirildi