Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Azizbek Madmarow bilen duşuşygy boldy.
Duşuşykda ikitaraplaýyn esasda ýola goýlan parlamentara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň mazmunyny baýlaşdyrmaga ýardam etjekdigi bellenildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda döwletara hyzmatdaşlygyny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldanylmagynyň, iki döwletiň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň iki tarap üçin hem bähbitli boljakdygy nygtaldy.
