DÜNÝÄ

Türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň mümkinçiliklerine seredildi

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Aýazowyň Ermenistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Safarýan bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň meseleleri, şol sanda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ulag-aragatnaşyk, ylym-bilim babatyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri, şeýle hem şertnama-hukuk resminamalarynyň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilçi M.Aýazow 2024-nji ýylyň Türkmenistanda «Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçjekdigi şeýle hem, Ilçihana tarapyndan türkmeniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ylmy-medeni çäreleriň birnäçesiniň geçirilmeginiň meýilleşdirýändigi barada habar berdi.

Şeýle hem duşuşykda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek bilen bagly meseläniň üsütünde durulup geçildi.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri