TESWIRLER

Türkmen Edebiýatynda “Mugallym” Düşünjesi

Mugallymlar güni we hepdesi” baradaky makalamyza dowam edýäris.

Giriş ýerine: Türkmenlerde “ataly-ogul” düşünje talantlylygy, pähim-paýhas ussatlygy bilen baglanyşykly soňky döwre degişli halkara derejesinde nusga görkezilip bilinjek iki sany uly ekol bardyr. Onuň birinjisi, bir maşgalada ýetişip, XVIII asyrlarda ýaşap geçen Döwletmämmet Azady we onuň ogly Magtymguly Pyragy düşünje mekdebidir. Öz pikirdir düşünjelerini, dünýägaraýyşlaryny nusgawy şygyr sungaty bilen beýan eden ekoldyr.

Bu “ataly-ogul” düşünje mekdebiniň materiallary esasynda “akyl”, “pikir”, “köňül”, “söz”, “dil” we “ylym” pähimleri paýhas dil bilimi esasynda içgin öwrenilip, onuň ylmy netijeleri “Klasik Düşüncenin Türkmen Mimarları: Devletmehmet Azadı ve Oğlu Mahtumkulu” diýen at bilen Stambulda 2014-nji ýylda “Akademik Kitaplar” neşirýat gullugy tarapyndan türk dilinde çap edildi [Klasik Düşüncenin Türkmen Mimarları,2014].

Türkmenlerdäki “ataly-ogul” düşünje talantynyň iň uly we iň döwrebap ekolyny bir maşgalada ýetişip, XIX-XX asyrlarda ýaşap geçen Anna mugallym we onuň ogly Berdimuhammet Annaýew bilen baglanyşykly düşünje mekdebidir.

Biz bu bölümde “Älem içre at gezer” romanyndan nusga alyp, käbir pedagogik düşünjeler hakynda öz pikirlerimizi siz bilen paýlaşmaklygy ýerlikli haspladyk.

1.7. “Mugallym → ähli hünärleriň hünärmenidir” diýen düşünje hakynda gysgajyk maglumat

Bilnişi ýaly, bilim ulgamyndaky ähli ugurlar boýunça hünärmenleri ýetişdirýän halypa – mugallymdyr. Mugallym – mugallymyň mugallymydyr. Mugallym – hünärmeniň halypasydyr. Şeýle-de bolsa, şu wagta çenli ýazylan türkmen romanlarynda türkmen mugallymyň bitiren hyzmatyna ýeterlik derejede ähmiýet berilmändi. Ýöne bu pikir, bu garaýyş edebiýatymyzda mugallymlarymyz ýatdan çykarylypdyr diýen manyny aňlatmaýar.

Biz bu düşünje düwünçegimiziň adyny (Mugallym – ähli hünärleriň hünärmenidir) ylmy esasda delillendirmäge synanyşyp, rus dilinde ýazylan ylmy işe salgylandyk we geljekde olary türkmenlerdäki nusgalar bilen deňeşdirmekligi makul hasapladyk:

Rus alymy S. L. Smyslowa “Концепт “Учитель” в русском педагогическом дискурсе рубежа XIX – XX веков”  diýen ylmy barlagynyň netijesinde mugallym bilen baglanyşykly metaforalardan aşakdaky nusgalary hasaba alypdyr:

Анализ признаков, положенных в основу других образов, позволяет увидеть большую группу метафорических моделей, подчеркивающих воспитательную функцию учителя. Это “учитель – архитектор”,учитель – живописец,учитель – врач, учитель – отец, учитель – проводник/путник, учитель – пастырь, учитель – садовник, учитель – солнце, учитель – слуга детей”. [Smyslowa.Týumen, 2007:19]

Rus alymynyň ylmy dissertasiýasynyň netijesinden hem görnüşi ýaly, “учитель” (mugallym) ençeme ugurlar boýunça hünärmen hökmünde tanadylypdyr.

Rus dilinde mugallym barada ylmy iş ýazan rus alymynyň bu baradaky garaýyşlaryny türkmen nusgalary bilen has ýaýbaňlandyrmak maksady bilen turuwbaşda “учитель – врач” diýen düşünjesine goşuldyk. Diýmek, ruslara görä: учитель врач; türkmenlere görä: mugallym → lukmandyr.

Munuň has ynandyryjy we delillendiriji bolmagy üçin, türkmen edebiýatyndaky eserlere salgylanalyň we ondan alnan mysallary ylmy esasda derňew edeliň:

1-nji mysal: “Ýöne häzir biziň halkymyza köp-köp mugallym gerek. Halky bisowatlykdan halas etmeli, onuň gözüni açmaly. Bilim, bilim, bilim!” [Gurbanguly Berdimuhamedow. Älem içre at gezer. Roman. TDNG, 2011:43];

2-nji mysal: “Berdimuhamet bolsa bisowat çagalaryň gözüni açýar, durmuşda öz ýoluny tapar ýaly olara ugur salgy berýär…” [Şol ýerde; 2011:115]

Ýokarda ady agzalan romandan nusga alnan 1-nji mysalyny gözden geçireliň. Düşünje düwünçeginiň içinde üç sany garaýyş bar. Başgaça aýdylanda, bu düwünçekde:

1)“halka köp sanly mugallymyň gerekdigi”;

2)“halky bisowatlylykdan halas etmelidigi”;

3)“halkyň gözüni açmalydygy”; baradaky meselelerden gürrüň gozgalýar.

Bu garaýyşlar türkmen pähim-paýhasyna görä derňew edilende, 1-nji mysaldaky sözlemden netije hökmünde şeýle metaforik durnukly aňlatmalary aldyk:

 

Bisowatlyk → keseldir.   

Halasgär /lukman → mugallymdyr.

Bilim → dermandyr.

Sowatsyz → kördür.

Mugallym → göz lukmanydyr.

 

2-nji mysaldaky düşünje düwünçeginiň içinde-de üç sany garaýyş bardyr. Başgaça aýdylanda, bu düwünçekde:

1) “Berdimuhamediň bisowat çagalaryň gözüni açýandygy”,

2) “durmuşda öz ýoluny tapar ýaly edýändigi”,

3) “olara ugur salgy berýändigi” barada beýan edilýär.

Bu garaýyşlar türkmen pähim-paýhasyna görä derňew edilende, 2-nji mysaldaky sözlemden netije hökmünde şeýle metaforik durnukly aňlatmalary aldyk:

Mugallym → sowatsyz çagalaryň gözüni açan lukmandyr.

Mugallym → gözi açylan çagalara ýol görkeziji hünärmendir.

Mugallym → durmuşda ýol salgy beriji geňeşçidir.

1.8. Ady agzalan türkmen romanyndakyMeýletin mekdep” we “akyl sandyklary” diýen düşünjeler hakynda gysgajyk maglumat  

Ýokarda ady agzalan romanyň gahrymanlarynyň biri bolan Anna aganyň döwründäki “meýletin mekdep” hakynda türkmen magaryf taryhynda känbir gürrüň gozgalmaýar. Käbir ylmy işlerde “meýletinlik” (dobrowolnost) [M.D. Redjepowa. Pedagogiçeskaýa terminologiýa turkmenskogo ýazyka. Aşhabad, 1991:150] sözi duş gelse-de, bu adalga türkmen dilindäki pedagogik adalgalaryň arasynda hem ýörite orun almaýar.

Dogrusyny aýtsak, şol döwürlerde obadaky çagalaryň okap-ýazyp bilmegi, aňly-sowatly, zehinli bolmagy üçin Anna aga ýaly öňden görüji, dana, köpi gören, düşünjeli, ilhalar bir adam halkyň öňüne çykmalydy, bu ugurda batyrgaý hereket etmelidi.

Köne sowatdan täze döwrebap bilime geçiş döwründe obada ilkinji bolup şahsy “meýletin mekdep”  döretmek her bir adamyň ýadyna düşjek iş däldi, üstesine-de, ony durmuşa ornaşdyrmak ýeňil-ýelpaý bolmajakdy. Ynha, Anna aga şol döwürlerde şeýle işleriň hötdesinden gelip bilipdir.

Adyndan hem belli bolşy ýaly, Anna aganyň mekdebindäki sapaga diňe meýilliler, öz islegi bolanlar gatnaşypdyrlar. Anna aga sapakda durmuşda zerur bolan zatlary, däp-dessurymyza laýyk gelýän iň esasy düşünjeleri, ýönekeýje hasaplamalary öwredipdir. Anna aga sapakda öz döreden okuw görkezme esbaplaryny ulanypdyr.

Anna aga “meýletin mekdebindäki” geçýän sapagynda öz meýilli okuwçylaryna türkmen paýhasynyň esaslaryny-da öwredipdir. Ol muny öwredende, köplenç türkmen halk döredijiliginden, atalar sözünden, dessanlardyr rowaýatlardan we özünden öňki danalardan eşiden düşünjelerinden peýdalanypdyr. Bularyň maglumatlaryň baryny bir ýere jemläniňde, oňa romanda jaýdar aýdylyşy ýaly, “Akyl sandyklary” hazynasy diýmäge doly esasymyz bardyr. Galyberse-de, Anna aga tarapyndan ýygnalan türkmen paýhasynyň bu hazynasy geljekki nesle-de (şol sanda Berdimuhamet mugallyma-da) okuwda hem-de durmuşda uly goltgy beripdir.

1.9. Ady agzalan türkmen romanyndakyDurmuş → hasap mugallymydyr” diýen durnukly aňlatma hakynda gysgajyk maglumat

Özüniň “meýletin mekdebinde” hasap sapagyny geçýän wagty okuwçylaryndan biriniň beren soragyna Anna mugallymyň beren jogaby ünsi çekijidir:

“– Anna kaka, bize diňe goşmagy öwredýärsiň-laý! Aýyrmagy öwretjek dälmi?

– Aýyrmagy durmuşyň özi öwreder, oglum. Men bir size goşmagy öwredeýin.” [ady agzalan eser, 2011:14]

Anna aganyň beren jogabyny doly görnüşde paýhas dil bilimine görä gözden geçirip, aşakdaky ýaly paradigmalaryny almak mümkindir:

Durmuş → mugallymdyr.

Matematika  → ýaşaýyşdyr.

Goşmak → dirilikdir.

Aýyrmak → ölümdir.

Aýyrmagy öwredýän → durmuşdyr.

 

(Dowamy bar)

 

Berdi Saryýew, Ankara uniwersitetiniň türkmen dili mugallymy;

Gülälek Nurmuhammedowa, Azady adyndaky Türkmen milli dünýa dilleri institutynyň türk dili mugallymy

 

Makalamyzyň beýleki bölümleri

Mugallymlar güni we hepdesi

“Ussat” we “hoja” düşünjesi hakynda gysgajyk maglumat

“Mugallymyň sözi” goşgusyndaky düşünjeler hakynda gysgajyk maglumat

Aman Kekilowyň eserlerinde “mugallym” we “mugallymçylyk” düşünjeleri

Ýene-de okaň

14 möjek nähili 94 milliard dollarlyk bähbit emele getirdi?

Ata Watan Eserleri

“Durmuşda iň gymmatly zat näme?”

Tanamaýan birine sesli habar ýa-da tekst ýazmazdan öň nämäni göz öňünde tutmaly?

Ogluň kakasy bilen synagy

Ata Watan Eserleri

“Ýalan söýgä ynanyp, gezipdirin begenip”

“Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez”

Ata Watan Eserleri