SPORT

Türkmen boksçulary GDA ýurtlarynyň II oýunlarynda bürünç medal gazandylar

10-njy awgustda Oşrada (Belarus Respublikasy) geçen ýaryşlar türkmen boksçulary Yhlas Bagtyýarowa hem-de Ylham Nazarowa GDA ýurtlarynyň II oýunlarynyň bürünç medallary gazandy.

71 kilograma çenli agram derejesinde bäsleşen Ylham Nazarowa ýaryşyň finalyna çykmak üçin bary-ýogy bir ädim ýetmedi. Jemleýji duşuşyga azerbaýjanly Ziýa Hasanow çykdy. Muňa garamazdan, mynasyp çykyş etmegiň hötdesinden gelen türkmen ýigidi bürünç medala eýe boldy.

Russiýaly Artýom Kostin bürünç medallaryň ikinjisine eýelik etdi. Şu agramda beýleki finalçy Özbegistandan Şawkatjon Boltaýew boldy.

75 kilograma çenli agram derejesindäki ýaryşyň finalyna çykmak üçin guralan duşuşykda bolsa ildeşimiz Yhlas Bagtyýarow azerbaýjanly Farhad Şeýdaýewden asgyn geldi. Y.Bagtyýarow hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Beýleki bürünç medaly özbek boksçusy Fazliddin Erkinboýewi ýeňip bilmedik russiýaly Iwan Rodionow aldy. Netijeler Azerbaýjandan Farhad Şeýdaýew bilen Özbegistandan Fazliddin Erkinbaýewiň finalda duşuşjakdyklaryny görkezýär.

Şeýlelikde, 10-njy awgustyň netijeleri Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň şu Oýunlardaky medallaryny 11-e (3 kümüş, 8 bürünç) ýetirdi.

Ýene-de okaň

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler