SIZDEN GELENLER

Türkmen bedewlerine dakylýan esbaplar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly syýasaty netijesinde gözellikde, ýyndamlykda, gaýduwsyzlykda deňsiz-taýsyz bedewlerimiziň şan-şöhraty günsaýyn belende galýar, ussat seýislerimize döwlet derejesinde uly sarpa goýulýar. Milli Liderimiz: «Gadymdan bäri türkmen atşynaslary, seýisleri dünýäni haýran galdyran, asman atlary adyny alan gözel bedewleri ýetişdirip, olaryň tohum arassalygyny saklap, nesilden-nesle kämilleşdirip gelipdirler. Kaddy-kamaty, gylyk-häsiýeti bilen özüne bendi edýän behişdi bedewlerimiz ençeme asyrlaryň dowamynda merdana ata-babalarymyzyň Watan, ar-namys, mukaddes toprak üçin alyp baran söweşlerinde olaryň goşa ganaty beýik ýeňişleriniň, ähli rowaçlyklarynyň ýarany bolupdyr» diýip, şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewlerimize ýokary baha berýär.

Merdana ata-babalarymyzyň ýyndamlykda, gözellikde deňi-taýy bolmadyk bedew atlary bilen taryhda öçmejek yz goýandyklaryny tassyklaýan maglumatlar saklanyp galypdyr. Pederlerimiz bedew atyny mydamalyk hem ygtybarly hemrasy hasaplap, ýowuz günde syrdaşyna, toý gününde buýsanjyna öwrülen bedewleriniň eýer-esbabyna aýratyn üns berip, sünnälenip bejerilen şaý-sepler bilen bezäpdirler.

Bedewleriň şaý-sepleri örän ajaýyp hem gymmatbaha hasaplanypdyr. Altyn-kümüş şaý-sepleri bilen bezelen ýyndam bedewler gelinalyjy toýlarda, dürli toý-dabaralarda at çapyşyklaryna gatnaşdyrylypdyr.

Nusgawy şahyrymyz Seýitnazar Seýdi «Münende şaý bolsa, tükel esbaby, Tagty Süleýmandyr, üsti bedewiň» diýip, at üstüniň howalasynyň belentligini buýsanç bilen wasp edipdir. Türkmen halky atlary seýislemekde, seýisçilik sungatyny kämil derejelere ýetirmekde we şonuň esasynda owadanlykda, ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk bedewleri ýetişdirmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy nesillere miras goýupdyrlar.

At esbaplary

Eýer – atyň iň esasy esbaplarynyň biridir. Atyň üstünde adam oturmak üçin ata salynýan esbap. Häzirki wagtda türkmenlerde dürli eýerler – türkmen eýeri, çapuw eýeri, ors eýeri, gaňňa eýer we beýlekiler ulanylýar.

 

Uýan – jylaw bilen birlikde atyň kellesine geýdirilýär, ol aty dolandyrmagy, ony gerekli ugra gönükdirmegi, aty saklamagy üçin gerekdir.

Gaş – at eýeriň öňündäki tommarçak, şonuň ýaly-da eýeriň yzky aýlaw görnüşli ýeri, eýeriň gaşy dürli kümüş şaýlar, çüýler bilen bezelýär.

Guşgun – atyň eýeriniň öňe süýşmezligi üçin, guýrugyň aşagyndan geçirilýän, ýüzüne her hili guş gözi ýaly ownuk kümüş şaýlar berkidilen, demir tokaly gaýyş.

Depirgi – atyň üzeňňisi gaýyş üzeňňi bagy bilen.

Golaň – uzak wagtlap durmaly bolanda, keçeleri agdarmazlyk üçin eýersiz çekilýän çeki. “Türkmen diliniň sözlüginde” bu sözüň başga manysy berlipdir. Öýüň gamyşynyň daşyndan aýlanýan 25-30 santimetr inlilikdäki ýörite dokalan galyň mata.

Ganjyga – ýüňden örülen iki sany ýüp. Ol hem eýere berkidilýär. Munuň hyzmaty atyň keçelerini daňyp alyp gitmek üçindir ýa-da bökdergi berkitmek üçindir.

Çeki – eýer bilen birlikde adamyň aýagyny sazlaýar, atyň eýeriniň üsti bilen döşüniň aşagyndan aýlanyp alynýan gaýyş. Çekiniň ildirgiçli mis halkasyna çeki toka diýilýär. Çeki toka köplenç ýarym aýlaw görnüşinde bolýar. Çeki tokadan başga hem ýerleşýän ýerine görä aýyl toka we üzeňňi toka bolýar. Aýyl toka atyň çekisini, üzeňňi gaýyşynyň ujuna ýarym aý görnüşinde dakylýan demir halka. Üzeňňi toka eýer bilen üzeňňini birleşdirýän gaýyş çekiniň demir ýa-da misden ýasalan ildirgiçli tokasy. Toka arkaly üzeňňi gaýşy uzaldylýar ýa-da gysgaldylýar.

Içirgi – eýeriň aşagyndan atyň arkasyna salynýan keçe. Atyň hemişe münülýändigini göz öňünde tutup, onuň tenine zeper ýetmezligi, üşemezligi, Günden, çybyn-çirkeýden goramak üçin keçeden edilen birnäçe eşikleri ýapypdyrlar. Eýeriň aşagyndan goramak üçin keçe – biri kiçijik, beýlekisi oňa görä ulurak içirgi edipdirler. Bu içirgiler goýnuň ak ýüňünden edilýär.

Köýnekçe – juluň bezeg üçin edilen bir görnüşi.

Atkeçe – atyň üstüne ýapylýar. Iki dürli bolýar. Bürene keçe boýy 18 garyş, ini 10 garyş bolup, at hereketsizkä üşemezlik üçin salynýan keçedir. Müngi keçe boýy 12 garyş, ini 6 garyş bolup, aty sowukda basyryp münmek üçin edilen keçedir.

Gaş – atyň üstünde oturmak üçin enjam bolan eýeriň ýapyşmak üçin tutalgasy. Şol gaşa hem kä halatda altyn-kümüş çaýylypdyr, gymmatbaha daşlar oturdylypdyr.

Göwüs bent – atyň göwsüne dakylýan gülýaka menzeş bezeg şaýy. Ol kümüşden ýasalyp, ýüzüne gyzyl çaýylypdyr, gymmatbaha daşlardan gaş goýlupdyr.

Doga bagy – atyň boýnuna dakylýan, käte ýüplükden çitilip dokalýan, käte gaýyşdan ýasalyp, daşyna altyn, kümüş, gymmatbaha daşlar oturdylan bezeg esbaby.

Maňlaýlyk – atyň maňlaýyna dakylýan bezegi. Gaýyşdan ýasalyp, ýüzüne altyn çaýylan kümüş dakylypdyr. Tegelek süýnmek görnüşlerde bolupdyr.

Alagaýyş – bedew atlaryň iň esasy bezeg esbaplarynyň biri. Alagaýyş bolanda adyndan belli bolşy ýaly atyň uýanyndan başlap, ýantanapyna çenli gaýyşdan ýasalyp, şol gaýyş hem birsydyrgyn ýygylykda kümüşden halkalanyp çykylýar. Bedew atlaryň eýer-esbaplarynda başga-da köp dürli bezeg esbaplary bolupdyr. Biziň günlerimizde hem bedew atlarymyz toýlarda, baýramçylyklarda bezelen görnüşde orta çykarylýar

Nal – ýumşak metaldan ýasalýar. Nallar atyň toýnagyny şikesden goramak üçin gerekdir. Şeýle hem nallar atyň dogry ýöremegine ýardam edýär

Türkmen halky özüniň baş ýoldaşy hasaplaýan bedew atyny bezemekde hiç bir çykdajydan gaçmandyr. Şeýle bir zady hem belleýärler. Irki döwürlerde bedew atlaryň bezeg şaý-sepleri diňe bir aty bezemek bilen çäklenmän, söweşlerde aty naýza, peýkam, gylyç ýaly tygly ýaraglaryň ýara salmagyndan hem gorap, at üçin galkan hyzmatyny hem ýerine ýetiripdir.

Döwlet Durdyýew,

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Amaly mehanika kafedrasynyň mugallymy.

 

 

Filippinler “Sputnik V” sanjymyny bellige aldy

 

 

Ýene-de okaň

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Şekillendiriş sungaty sapagynyň ähmiýeti

Internet torunyň orny we ähmiýeti

Iňlis dili-täze mümkinçilikler

Beýik Seljuk döwletinde bilimiň gurnalmagynda Mälik şanyň hyzmatlary

Bilim – ösüşleriň berk binýady