Milli taryhy-medeni mirasymyzy aýawly saklamak hem-de dünýä ýaýmak hormatly Prezidentimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmen alabaýlarynyň seçgiçilik işlerini ösdürmek, bu täsin tohumy has-da kämilleşdirmek degişli ugurda alnyp barylýan giň gerimli işleriň möhüm bölegine öwrüldi.
Alabaý itleri gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan ahalteke bedewleri hem-de ajaýyp halylarymyz ýaly, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň hatarynda durýar. Olar türkmeniň sazlaşyk, gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklar hakynda düşünjeleriniň nyşanlaryna öwrülip, halkyň medeniýetiniň ähmiýetli bölegini düzýärler.
Häzirki wagtda türkmen alabaýy dünýäde meşhur tohumlaryň biridir. Ýurdumyzyň seçgiçileriniň alyp barýan işleri hem-de alabaýyň arassa ganlylygyny saklamagyň netijesinde, ol biziň günlerimize çenli özüniň asyl keşbini saklap geldi. Türkmen alabaý itleri dünýäniň goragçy tohum itleriniň hatarynda öňdäki orny eýeleýär we hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, alabaýlaryň tapawutly aýratynlyklarynyň birini hem ýitirmezligi üçin olary diňe hünär derejesinde köpeltmek zerurdyr.
Bu ugurda halkara hyzmatdaşlyga ähmiýetli orun berilýär. Hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy — ÝUNESKO we beýleki iri guramalar, şol sanda daşary ýurtlaryň assosiasiýalary, şeýle hem dünýäniň dürli döwletlerinden ýuridik şahslar we hususy itşynaslar bilen uzak möhletli hyzmatdaşlyk ýola goýulýar.
Gahryman Arkadagymyz “Türkmen alabaýy” atly kitabynda: «Alabaý ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygydyr, ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyzdyr» diýip ýazýar.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň hemaýat-goldawlarynyň netijesinde, halkymyzyň milli gymmatlygyna hem-de buýsanjymyza öwrülen türkmen alabaýlarymyzy ösdürip ýetişdirmek, köpeltmek, tohum arassalygyny gorap saklamak we ata-babalarymyzdan gelýän itşynaslyk sungatymyzy dowam edip, ýaş nesillerimize ýetirmek, olarda türkmen alabaýlaryna bolan söýgini artdyrmak ugrunda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär.
Türkmen alabaýlary üçin birnäçe döwrebap binalar — Halkara “Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumy, Ahal welaýatyndaky Karantin merkezi hem-de Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde merkezler guruldy.
Türkmen alabaýy häsiýetli aýratynlyklary bilen birnäçe müňýyllyklara barabar döwrüň synagyndan geçmegi başardy. Ine, bu gün hem durmuş ýolunda türkmeniň hemrasy bolan alabaýlar täze döwre gadam basýar, tohum itleri ösdürmegiň gadymy däpleri bolsa ylmyň we seçgiçiligiň öňdebaryjy gazananlaryny, tehnologik işleri ulanmak bilen, häzirki zaman görnüşinde mynasyp dowam etdirilýär.
Jemşit Mämmetberdiýew,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.