JEMGYÝET

Türkiýede Türkmenistanyň bitaraplygyna bagyşlanan dabara

2020-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkiýäniň Karabük uniwersitetinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy we 2020-nji “Türkmenistan – Bitaraplygyň Mekany” ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan aýdym-sazly dabaraly çäreler geçirildi.

Bu dabaraly çärelere Karabük welaýat häkimi (gubernatory) F. Gürel, Karabük welaýat migrasiýa edarasynyň başlygy, Karabük uniwersitetiniň rektory Prof.Dr. R.Polat, Karabük uniwersitetiniň professor mugallymlary dürli jemgyýetçilik we ylmy edaralaryň wekilleri, habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de agzalan uniwersitetde bilim alýan türkmenistanly we daşary ýurtly talyplar gatnaşdylar.

Çärede Hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlarynyň ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin edýän atalyk aladalary we alyp barýan parasatly syýasaty barada wagyz-nesihat söhbetdeşligi geçirildi. Şeýle-de çykyşlarda Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň döwletimiz we halkymyz üçin nähili uly ähmiýetiniň bolandygyna ösüşli ýyllarda gazanylan üstünlikleriň aýdyň şaýatlyk edýändigi, Türkmenistanyň hakykatdan hem Bitaraplygyň Watanyna, Bitaraplygyň mekanyna öwrülendigini, dünýäde iki gezek ykrar edilen Bitarap döwletdigi uly buýsanç bilen bellenilip geçildi we dabara gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimizi, ähli halkymyzy «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Şeýle hem, çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlap ýurdumyzyň milli däp-dessurlary bilen tanyşdyrýan, şonuň ýaly-da ata Watanymyzyň gözel künjeklerini wasp edýän fotosurat sergileri guraldy. Bu sergilere gatnaşanlarda Türkmenistana bolan uly gyzyklanma döredi. Çäräniň ahyrynda ähli myhmanlara türkmen milli tagamlary hödürlendi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Sigeru Isibany doglan güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

2025-nji ýyl üçin: Türkmenistan tarapyndan diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Gazagystan söwda dolanyşygyny 1 milliard dollara ýetirer

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti Efiopiýa iş saparyny amala aşyrdy

“Galkynyş” topary 3 million manat pul baýragy bilen sylaglandy