JEMGYÝET

Türkiýede koronawirusa garşy göreş boýunça täze düzgünler

Türkiýe Respublikasynda koronawirus ýokanjyna garşy göreşde birnäçe hepde dowam eden berk çäklendirme çäreleri 1-nji iýundan başlap, kem-kemden gowşadylýar. Türk metbugatyndaky habara görä, Içeri işler ministrligi iýun aýy boýunça öňüni alyş çäreleriniň düzgünnamasyny iberdi.

Şoňa laýyklykda:

  •  Köçe çykmagyň doly çäklendirilen dynç günleri dükanlar, gök önüm satýan dükanlar, konditer önümlerini satýan dükanlar 10:00-17:00-a çenli işlär.
  • 2 doza sanjym alan 65 ýaş we şondna ulylar hem-de 18 ýaşdan kiçiler üçin köçä çykmak çäklendirilmesi aýrylýar.
  • Köçä çykmagyň gadagan edilen günlerinde şäherara köpçülikleiýn ulag serişdelerinden peýdalanýan raýatlara syýahat üçin rugsatnama talap edilmeýär, diňne biletini görkezmegi ýeterlidir.
  • Sanjym bolmak mümkinçiligine garamazdan, sanjym bolmadyk 65 we ondan ýokary raýatlar, ýekşenbe günlerinden başga günlerde 10.00-14.00 sagat aralygynda köçä çykyp bilerler we ýekşenbe günleri doly çäklendirmä tabyn bolarlar.
  • Ýapyk howuzlar, türk hammamy, sauna we owkalama otaglary, kazino ýaly iş ýerleriniň işi täze karar kabul edilýänçä togtadylýar.
  • Kafeler, naharhana, çaý içilýän ýörite ýerlerde hiç hili oýun oýnamaga rugsat berilmeýär we açyk meýdanda bir stolda 3, ýapyk ýerlerde 2-den köp müşderi bolmaýar.
  • Restoran, naharhana we patisseri ýaly ýerler Saglygy goraýyş ministrliginiň epidemiýa dolandyryş we iş gollanmasyndaky düzgünler berjaý edilip, stollaryň arasynda 2 metr we biri-biriniň gapdalyndaky oturgyçlaryň arasynda 60 santimetr aralyk goýulmaly
  • Kinoteatrlar “bir oturgyç doly – bir oturgyç boş” görnüşinde 50 göterim möçberinde hyzmat edip bilerler.
  • Toý we nika dabaralary stollaryň we oturgyçlaryň arasynda zerur aralyk saklanyp, arassaçylyk kadalary berjäý edilip, örtük dakynmak we iýmit hem-de içgi hyzmaty bolmazlyk şerti bilen açyk ýerlerde geçirilip bilner.
  • Toý we nika dabalary ýapyk binalarda iň köp 100 myhman çagyrmak şerti bilen geçirilip bilner.
  • Toý we nika dabaralarynda 15-nji iýundan soňra iýmit hyzmaty berlip bilner. Ýapyk binalarda bolsa myhman sanynyň çäklendirilmegi ýatyrylar.

 

PSR barlagy hökmany boldy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azerbaýjanda gurjak metjidiniň düýbi teleköpri arkaly tutuldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri TDG-niň sammitinde çykyş etdi

Azerbaýjanda Türkmenistan tarapyndan guruljak metjidiň düýbi tutuldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitine gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy

Ata Watan Eserleri