SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkiýede hasyl möwsüminde zeýtun baýramy

Adamzat döreýiş taryhy bilen deň taryhy bolan zeýtun diňe bir miwe bolman, eýsem, Anadoly topragynyň durmuş ýörelgesidir. Türkiýe häzirki wagtda zeýtun baglarynyň mekany hasaplanýar. Beýle bolmagynyň esasy sebäbi Ortaýer deňziniň özboluşly howasy bolup durýar. Egeý sebitinden başlap Ortaýer deňzine, şeyle hem gündogara tarap Anadola çenli her sebitde köp asyrlyk, keramatly zeýtun agaçlary bar. Muňa garamazdan, zeýtunyň esasy ösdürilip ýetişdirilýän sebiti, gürrüňsiz, ýurduň zeýtun agaçlarynyň 75 göterimini düzýän Egeý sebitidir. Güýz paslynynyñ gelmegi bilen Egeý sebitinde ýerli ılatyñ gündelik durmuşyna öwrülen zeýtun oragyna badalga berilýär. Bu möwsüm örän gyzgalaňly geçýär. Geliň, indi bolsa, bilelikde asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan bu asylly ýörelgelere eýerip zeýtun hasylyna gatnaşalyñ!

Zeýtun ekerançylyk meýdanlaryna ýola rowana bolalyñ

Ýewropa Geňeşi tarapyndan zeýtun ugurlarynyň sanawyna giren Türkiýäniň ähli künjeginde zeýtun ösdürilip ýetişdirilýär. Şeýlede bolsa, iň meşhur zeýtun önümçilik zolaklaryň biri Egeýiň kenar ýakasydyr. Bu sebitde iň ýokary hilli zeýtun önümleri Balykesir, İzmir, Manisa, Aýdyn we Mugla welaýatlarynda öndürilýär. Ida dagynyň töweregi zeýtun ösdürip ýetişdirmek üçin örän amatly hasaplanýar. Çanakkalede ýerleşýän Adatepe Zeýtun ýagy muzeýine gysga wagtlyk syýahat etmek bilen, Türkiýäniň zeýtun önümçiliginiň nähili başlanandygy bilen tanşyp bilersiňiz. Mundan başga-da, Balykesiriň Aýwalyk etraby ekerançylygyň esasy ileri tutulýan pudaklaryndan biri bolan zeýtun ösdürip ýetişdirmek üçin möhüm merkez bolup hyzmat edýär. Hasyl baýramlaryna gatnaşmak bilen ýerli ilat bilen pikir alyşyp, şol ýerlere mah­sus ýer­li ta­gam­la­ry dadyp görmek mümnkinçiligine eýe bolup bilersiñiz.

Syýahatyñyzyñ dowamynda Manisa tarap ugur alyp, Kyrkagaçda ýerleşýän dünýäniň iň gadymy zeýtun agajy bilen tanşyp bilersiñiz. Iň geň ýeri bolsa bu zeýtun agajynyň henizem miwe getirýänligidir. 1650 ýyllyk agaç 2013-nji ýylda «monumental agaç» hökmünde hasaba alyndy we gorag astyna alyndy. Egeýiň merjeni bolan Izmir şäheri hem öz gezeginde zeýtun ösdürip ýetişdirmekde, şeýle hem zeýtun ýagyny öndürmekde ýurduñ iň möhüm merkezleriniň biri hasaplanýar. Seljuk, Seferihisar, Güzelbahçe, Urla, Çeşme we Karaburun ýaly etraplarda gadymy zeýtun agaçlaryna gabat gelip bilersiňiz. Jadylaýjy Urla etraby diňe bir taryhy ýadygärlikleri bilen däl, eýsem Michelin gollanmasyna girizilen «daýhançylykdan-desterhana çenli uzaýan ýolagçylyk» atly restoranlaryny hem hödürleýär. Şeýle hem, Uzunkuýu obasynda ýerleşýän, zeýtun önümçiliginiň 4 müñ ýyllyk taryhyny özünde jemleýän Köstem zeýtun ýagy muzeýine syýahat edip bilersiňiz.

Zeýtun baglarynyň we takmynan 25 million zeýtun nahallarynyñ ýüregi bolan Aýdyn sebitine günorta tarap ýola düşeniňizde, Kuşadasynda ýerleşýän Oleatrium Zeýtun we zeýtun ýagy taryhy muzeýine baryp görüň. Zeýtun ösdürip ýetişdirmegiň bu sebitlerdäki taryhyny öwrenenden soň, jennet mekany – Mugla ýola rowana bolup bilersiñiz. Muglada ýerleşýän Milas etraby hem zeýtun önümçiliginde möhüm ähmiýete eýedir. Zeýtun agaçlarynyñ Milasda 8 müň ýyl mundan ozal dörändigi çak edilýär. Milasyň zeýtun hasyly festiwalynda ýokary hilli zeýtunlaryñ tagamyna we zeýtun ýaglaryna baha berip bilersiňiz.

Köp asyrlyk däp bolan zeýtun hasyly

Iýun aýynda gülläp başlaýan zeýtunlar tomusyň soňky günlerine çenli ösmegini dowam etdirýär we altyn güýzde hasyl berip başlaýar. Gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýan zeýtun hasylyny ýygnamaklyk dabarasy maşgalalary, jemgyýetleri we myhmanlary bir supranyň başyna jemleýär. Hasylyň başy zeýtuny ýygnamakdan başlanýar. Egeýde ýerli ýaşaýjylar köplenç hasyl ýygnamaklygy elde amala aşyrýarlar, bu däbiň esasynda zeýtuny zyýansyz almak bolýandygyna we toprak bilen zähmetiň arasynda çuňňur baglanyşyk döredýändigine ynanýarlar. Soňra «saçagyñ zeýtuny», «zeýtun ýagy üçin sykylmaly zeýtunlar» we « şahadan gaçan zeýtunlar » ýaly böleklere görä aýyl-saýyl edilýär.

Müň bir derdiň dermany- zeýtun ýagy

Zeýtunyň ýaga öwrülmegi aýratyn bir başdan geçirmedir. Hasyl ýygnalandan soň ony derrew ýerli degirmenlere ýa-da zawodlara iberilýär we şol ýerde Egeý aşhanasynda möhüm orna eýe bolan ýokary hilli ýokumly zeýtun ýagy öndürilýär we çüýşelere gaplanylýar.  Uzak ömrüň girewi we ynsan bedeni üçinem siňňitli iýmit hasaplanylýan zeýtun ýagy, sebite mahsus ýerli tagamlaryñ ählisinde ulanylýar. Egri tiken (волчец кудрявый) we soleros ýaly sebit ösümlikleri bilen hoşboý ys berilen zeýtun ýagy, köplenç çöregi batyryp iýmek üçin ertirlik naharynda hödür edilýär, şeyle hem artişok (çogdam gülli, aşak tarapy ýognas ot ösümligi) we kabaçok (kädiniň bir görnüşi) bişirmek üçin hem ulanylýar. Mundan başga-da, naharyň ýany bilen äberilýän işdäaçarlarda hem zeýtun ýagynyň, sirkäniň ýa-da limonyň garyşymy ulanylýar.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklandy

Ata Watan Eserleri

Hytaý emeli adada dünýäniň iň uly howa menzilini gurar

Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna: Türkiýäniň wizasy üçin täze bildiriş

Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi

Kolosseýde Göbekli depe Artefaktlaryna bagyşlanan sergi açyldy