BIZNES

Türkiýe Respublikasy Wengriýa tebigy gaz eksport eder

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň çakylygy boýunça bu ýurtda iş saparynda boldy.

Prezident Ärdoganyň bu saparynyň çäklerinde Türkiýä üçin möhüm bolan taryhy tebigy gaz ylalaşygy gazanyldy. Ýurduň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar ilkinji gezek serhetleşýän goňşulary bolmadyk bir ýurda tebigy gaz eksport etmek babatda ylalaşylandygyny mälim etdi.

Ministriň habar bermegine görä, Türkiýäniň “BOTAŞ” edarasy bilen Wengriýanyň “MVM” kompaniýasynyň arasynda tebigy gaz şertnamasyna gol çekildi. Şeýlelikde, Türkiýe Respublikasy ilkinji gezek serhetleşýän goňşusy bolmadyk Ýewropa ýurduna tebigy gaz eksport eder.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder