SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkiýäniñ jana şypaly şypahanalary

Bilşimiz ýaly, ömür dowamlylygynyň artmagynda şypahanalaryñ täsiri uludyr. Türkiýäniñ şypahanalary ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny özgertmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Şunlukda, gyş paslynyñ aýazly günleri gelmezden ozal Türkiýe, saglygyñyzy berkitmek üçin sizi öz şypahanalaryna çagyrýar. Türkiýe 1500-den gowrak jana melhem ýyly suw (termal) çeşmesine eýe bolup, häzirki wagtda ýurtda 260-dan gowrak şypahana hereket edýär. Her ýyl ýüzlerçe müň jahankeşde saglygyna seretdirmek üçin şol şypahana desgalaryna barýarlar. Ýyly suw çeşmeleri, döwrebap we ähli amatlyklary bolan şypahanalar toplumlary, şeýle hem hoştap howasy bilen özüne maýyl edýän Türkiýe, esasan hem saglygyny dikeltmek we bedenini ýaşartmak ısleýän ýaşlaryň we uly ýaşlylaryň arasynda has meşhurdyr.

Pamukkaleniñ melhemli suwy

Pamukkaleniñ mineral suwlarynyň bejerijilik aýratynlyklary örän ir döwürde mälim edilendir. Mineral suwlaryñ emele getirýän kalsiý karbonatly trawertini (hek tufy) tebigatyň täsinligi diýlip hasaplanýar. Pamukkale şeýle hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen onuñ ýanaşyk çäklerinde ýerleşýän gadymy Hierapolis şäheri gadymy döwürlerden bäri özüniñ melhem suwlary bilen bejeriş we saglyk merkezi bolupdyr. Hierapolisdäki gadymy Kleopatra howuzyndaky suwyñ temperaturasy elmydama 35 dereje töweregi bolup, özboluşly bejeriş häsiýetine eýedir. Mundan başga-da, bu taryhy ýer kalsiý we demir elementlerine baý Saraýköý, Gölemezli we Karahaýyt diýlip atlandyrylýan üç sany şypaly sebitleriñ mekany bolup durýar.

Afýonkarahisar – Türkiýede şypahanalaryñ paýtagty

Türkiýäniň iň meşhur jana melhem ýyly suwlary içki Egeý sebitinde ýerleşýän Afyonkarahisar welaýatyndan çykýandyr. Ýewropanyñ Taryhy şypahana (termiki) şäherleri marşrutynyñ bir bölegi bolan bu şäherde, deri kesellerini, şeýle hem aşgazan, böwrek we içege näsazlyklaryny bejermekde örän täsirli ýokary mineral düzümi bolan Gazlygöl, Heýbeli, Ömer, Hüdai we Geçek ýaly şypahanalar bar.  Ýeriň astyndan çykýan suwuñ gyzgynlygy 42-den – 53 derejä barabar bolan Afýonyň bu ajaýyp desgalarynda bejeriş wannalary kabul etmek, şeýle ham ynsan bedenine oňyn täsir edýän palçyk arkaly bejergi almak mümkin. Bejergilerden soñ, Frigiýa siwilizasiýasynyň yzlaryny öz içine alýan we gadymy harabalyklary özünde jemleýän Frigiýa jülgelerine baryp görüp bilersiñiz.

Bursa – «Ýyly suw» şypahanalary

Bursadaky tebigy suwuň bejeriş täsiri Osmanly ımperiýasy döwründen bäri mälimdir. Onuň ýerasty suwlarynyň bölüniş topary boýunça, himiki düzüminiň esasy aýratynlyklaryna laýyklykda, melhemli (termo) mineral suw hasaplanylýar. Häzirki wagtda bu ýerde gyzgynlygy 88°C-a deň bolan Çelik Palas, Kükürtlü, Karamustafa, Kaýnarja we Eski Kaplyja ýaly şypahanalar hereket edýär. Mundan başga-da, suwy içimlik görnüşinde ulanmaga ýaramly bolan Oýlat Şypahanalar toplumy şäheriň iň meşhur saglyk we termiki syýahatçylyk mekany hasaplanýar. Bursa diñe bir şypahanalary bilen meşhur bolman, eýsem düzüminde magneziýa elementlere baý bolan ýylylygyny saklaýan köp sanly kaşaň spa myhmanhanalara we desgalara eýedir.

Bolu – saglygyñ tebigat bilen sazlaşýan ýeri

Türkiýäniñ Gara deňiz sebitiniň günbatar böleginde ýerleşýän ýaşyl begrese bürenen tokaýlyklary we kölleri bilen tanalýan Bolu welaýaty, şol bir wagtyň özünde geotermiki suw çeşmeleri bilen saglyk syýahatçylygy ulgamynda ýurduñ iň meşhur ýerleriniñ biri bolup durýar. Sebitiñ Göýnük, Karajasu we Mudurnu ýaly şypahanalarynyň esasy tebigy baýlyklary bejeriji laýlary hem-de şypa beriji baý mineral suwudyr. Şäheriň Abant kölüne we Ýedigöller milli seýilgähine ýakyn bolmagy, şeýle hem adam saglygy üçin peýdaly bolan ekologiki taýdan arassa howasy bu ýeriñ tapawutly aýratynlygyna öwrülýär

Ýene-de okaň

Aşgabat-Frankfurt-Aşgabat ugry boýunça goşmaça uçar gatnawlary ýola goýlar

Balkan, Lebap, Mary welaýatlarynda onkologiýa hassahanalary gurlar

Ata Watan Eserleri

Özbegistan Germaniýa hünär kämilleşdirmek üçin 800 şepagat uýasy iberer

Türkmenistanyň awiasiýasy hünärmenleriniň hünär derejesi ýokarlandyrylar

BSGG maýmyn mama keseline garşy ilkinji waksinany tassyklady

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda şäherara awtobuslaryň petegini onlaýn satyn almak hyzmaty kämilleşdirildi