JEMGYÝET

Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler

2023-nji ýylyň 6-8-nji dekabry aralygynda paýtagtymyz Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler. Häzirden bu sergä uly gyzyklanma bildirilýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň golaýda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran ilkinji resmi saparynda hem şu ýylyň 6 — 8-nji dekabrynda Türkmenistanda guraljak Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi barada hem pikir alşyldy.

Şonuň bilen baglylykda, Aşgabatda geçiriljek sergide Türkiýäniň gurluşyk, oba hojalyk, azyk, mebel, moda, dokma, hojalyk harytlary, kosmetika ýaly pudaklaryndaky önüm öndüriji firmalaryň 100-den gowragynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi Türkiýe Respublikasynyň Söwda ministrligi bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýakyndan goldaw bermegine geçirilýär we onuň uly üstünlikli geçirilmegi üçin uly tagalla edilýär.

“Meridyen Fuarcılık” kompaniýasy tarapyndan köp ýyllardan bäri ýurdumyzyň paýtagty Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi geçirilip gelinýär. Üstümizdäki ýylda şeýle serginiň 10-njy geçiriler. Mundan ozalkylar ýaly, nobatdaky sergi hem ýurdumyzyň hökümet agzalarynyň, hususy pudagyň wekilleriniň gatnaşmagyna ýokary derejede guralar.

TÜRKMENISTAN – ULY BAZAR

Türkmenistan bazarynyň zerurlyklaryny göz öňünde tutup, ähli pudaklarda, esasanam gurluşyk, mebel, oba hojalygy, dokma, energiýa, azyk we gurluşyk materiallary pudaklarynda iş alyp barýan türk kompaniýalaryna möhüm artykmaçlyklar garaşýar. Bu nukdaýnazardan Türkmenistan bu sebitdäki iň möhüm bazardyr.

Tebigy baýlyklary, güýçli we durnukly ykdysadyýeti bilen Merkezi Aziýa bazarynda möhüm orny eýeleýän Türkmenistan sebitdäki köp ýurt üçin strategiki ähmiýete eýedir.  Gazagystan, Özbegistan, Eýran we Owganystan bilen serhetleşýän Türkmenistan bu goňşy ýurtlaryň bazarlaryna aralaşmak üçin hem türk eksport ugurly kompaniýalary üçin möhümdir.

Umuman, türkmen tarapy Türkiýe bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýär.

Ýene-de okaň

Russiýanyň “Ozon” internet söwda platformasy Türkmenistanyň bazaryna çykdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Çagalar – parahat we abadan durmuşa mynasypdyr!

Türkmenistanda saýlawlar geçirilýär

Narine Saakýan we Jalpa Ratna Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglandy

Oguljahan Atabaýewa: haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna näsag çagalara 758 operasiýa geçirildi

“Makul Iňlisçe-Türkmençe” dil gollanmasy neşir edildi

Ata Watan Eserleri