MEDENIÝET

Türkiýäniñ Döwlet Teatrlary

Mälim bolşy ýaly, her ýylyñ 23-nji aprelinde özboluşly we örän ähmiýetli halkara baýramçylyklaryñ biri bellenip geçilýär. Türkiýe Respublikasynyñ esaslandyryjysy Mustafa Kemal Atatürk bu güni täze milletiñ röwşen geljeginiñ eýeleri bolan ähli ýurduň çagalaryna bagyş etdi.
1920-nji ýylyň 23-nji aprelinde garaşsyzlyk ugruna söweşilýän döwründe Ankara şäherinde Beýik Millet Mejlisiniñ ılkinji ýygnagy geçirildi. Şol mejlisde Osman imperiýasynyň külünden täze, garaşsyz, dünýewi we häzirki zaman respublikanyň düýbi tutuldy. Atatürk ýurduñ ýaş raýatlaryna döwletiñ özbaşdaklygyny we garaşsyzlygyny goramagy tabşyrmak bilen, ol bu güni çagalara bagyşlady.
1979-njy ýyldan bäri türkiýäniñ çagalary bu milli baýramçylygy dünýäniñ ähli künjegindäki çagalar bilen bilelikde belleýärler. Bu baýramçylyk mynasybetli dürli ýurtlardan we medeniýetlerden ýüzlerçe çaga Türkiýä gelýärler we çärelere gatnaşýarlar. Şunlukda, olar parahatçylyk umydy bilen özleriniñ jebisligine guwanyp, duşuşýarlar, pikir alyşýarlar we birek-biregi ýakyndan tanaýarlar. UNICEF tarapyndan hem ykrar edilen bu gün beýleki ýurtlarda hem bellenip geçilýär.Türkiýäniñ döwlet teatrlary Baş dolandyryş müdirligi 1949-njy ýylda döredilen gününden bäri çagalaryñ sahna oýunlaryna örän uly ähmiýet berýär we olary öz sanawyna (repertuaryna) goşýar, sebäbi çagalar – biziň diňe bir geljegimiz bolman, eýsem olar geljekki aktýorlarymyz, aktrisalarymyz, artistlerimiz, režissýorlarymyz, suratkeşlerimiz we tomaşaçylarymyzdyr… Olar teatryň geljegidir.Şonuñ üçin hem Türk döwlet teatrlar dolandyryş müdirligi, “Ýaş hanymlar we jenaplar” atly festiwaly gurnamak bilen çagalar gününe öz goşandyny goşýar.

Mustapa Kemal Atatürk:

“Ýaş hanymlar we jenaplar!

Siziň ähliñiz açylan bägüllersiñiz, ýyldyzlar we ýagty geljegimiziň çyragysyñyz,

Ýurdumyzy röwşen geljege tarap alyp barjak sizsiñiz.

Gadyrly we gymmatlydygyñyzy unutmañ!

Tutanýerlilik bilen zähmet çekiň …

Biz size uly umyt baglaýarys“-diýip çagalara eden çykyşynda belläp geçdi.

Festiwala häzirki wagta çenli Awstriýa, Bolgariýa, Wengriýa, Singapur, Belgiýa, Italiýa, Russiýa, Germaniýa, Demirgazyk Kipr Türkiýe Respublikasy, Ysraýyl, Rumyniýa, Serbiýa, Çernogoriýa, Fransiýa, Şweýsariýa, Ispaniýa, Litwa, Gollandiýa, Sloweniýa, Angliýa, Kuba, Ukraina, Hytaý, Çili, Lýuksemburg, Horwatiýa, Kosowa, Polşa, Kanada, Çehiýa, Gruziýa, Gresiýa we ABŞ ýaly dünýäniň 40 ýurdundan çagalar gatnaşdy.

Bu ajaýyp baýramçylyk çäresinde sizi we toparyňyzy görmekden hoşal bolarys!

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek medeni çäreler

“Euronews” Gazagystanda sebitleýin edarasyny açdy

Täze ýyl baýramçylygy döwründe sirk çykyşy

Gylyçdurdy Durdyýew – “Ýylyň parlak ýyldyzy”

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we EYR-nyň çagalarynyň dostluk hepdesi

Possuk