DÜNÝÄ

Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçisi Togan Oral diplomatik wezipesini tamamlady

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Türkiýe Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Togan Oral bilen duşuşdy.

Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy we onuň ugurlaryny giňeltmek bilen bagly birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu babatda, 2023-nji ýylyň 25-26-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýa amala aşyran resmi saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi wajyplygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda R.Meredow Türkiýe Respublikasynyň ilçisine türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmekde alyp baran işleri üçin minnetdarlyk bildirdi we geljekki işinde üstünlik arzuw etdi.

Türkiýe Respublikasynyň ilçisi hem öz gezeginde Türkmenistanda diplomatik missiýasynyň durmuşa geçirilmegine goldaw we ýardam berendigi üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Slowakiýanyň we Wengriýanyň ministrleri bilen telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň we Yragyň daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmenistanyň we Jibutiniň ministrleri telefon arkaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Ankarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi

Ispan Patyşasynyň 18 ýyldan soňra Hytaýa sapary

Gazak uniwersitetinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenildi