Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky 15-nji mejlisi Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçiriler. Şu ýylyň 11-13-nji martynda geçiriljek Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň mejlisinde guramanyň we geňeşiň işleri bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alşylar.
Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň 14-nji mejlisi Özbegistanyň Samarkant şäherinde 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda geçirilipdi.
Ýaşulular geňeşi Türki Döwletleriň Guramasynyň maslahat beriş organy bolup, gurama agza döwletleriň görnükli döwlet we jemgyýetçilik işgärlerinden düzülýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň aprelinde Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň hormatly agzalygyna saýlandy.
Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy wezipesini Türkiýäniň ozalky Premýer-ministri Binali Ýyldyrym alyp barýar.
